Yrym edip dört ýaprakly marsiliýa (Marsilea quadrifolia) ösdürýärsiňizmi?

fotosurat Dört ýaprakly marsiliýa (Marsilea quadrifolia) dört ýaprak görnüşindäki ýapraklary bolan ösümlikdir – paporotnikdir. Ösümlik – paporotnik we dört ýaprakly sözleri biri-birine gabat gelmeýär, şeýle dälmi? Tersine, bu sözler adaty bolmdyk, dekoratiw we bagbançylykda belli bolmadyk ösümligi aňladýar.

Marsiliýanyň botinkanyň bagjygyna meňzeýän uzyn kök baldagy bar. Kök baldagyndan ýapraklar ösüp çykýar, olar dogry formadaky dört gülýapragyna bölünendir we ilki göreniňde dört ýaprakly ýorunja meňzeýär. Güýzüne kök baldagy suwdan çykarylanda noýbanyň ululygynda “şelpeleri” görmek bolýar. Olarda sporalar saklanýar we olar ösümligiň paporotnik diýip kesgitlenmegine sebäp bolýar. Marsiliýa Günorta Amerikadan başga ähli kontinentlerde ýokumly maddalara baý bolan tebigy we emeli suw rezerwuarlarynda ösýär. Ol Günorta Amerika-da getirildi we ol ýerde agressor ösümlik hasaplanýar. Marsiliýa indi Polşada tebigatda gögermeýär, Goçalkowisk kölünde ony ekosistema gaýtaryp almak boýunça tejribe geçirilýär. Slowakiýada marsiliýa Latorisa derýasynyň basseýninde 7 ýerde ösýär. Şeýle hem öň bu ösümlik Bodrog, Labores we Ug derýalarynyň töwereginde duş gelýärdi. Çehiýada bolsa ol duş gelmeýär.

Tropiki ýerlerde onuň birnäçe biri-birine ýakyn görnüşleri ösýär. Olar ýylylygy gowy görýärler, şonuň üçin biziň şertlerimizde ösdürmek kän bir amatly bolmaýar. Olaryň käbir görnüşleri akwariumlarda ösdürilýär.

Dört ýaprakly marsiliýany (Marsilea quadrifolia) ösdürmek örän aňsat. Onuň üçin islendik suwly gap bilen bagdan alnan az mukdardaky toprak ýeterlikdir. Ony arkaýyn 20×20× 10 sm ölçegdäki wannada ösdürip we bütin ýyl daşarda goýup bilersiňiz (ony sowuk urmaýar). Bu ösümligi, kanagatlylygy we köpeltmegiň aňsatlygy sebäpli islendik adam, islendik ýerde ösdürip biler (hatda kiçi wannajykda ýa-da, düýbi deşiksiz gül küýzesinde, daşarda penjiräniň öňlerinde).

fotosurat Ýer mümkinçiligi çäkli bolan höwesjeň bagbanlar üçin marsiliýany ösdürmegiň ideal usuly gurluşyk laýy üçin wannalarda ösdürmekdir (bu wannalar 60 we 80 litrlik bolup, bahasy 10 ýewro golaýdyr). Wannanyň düýbüne bir pil gum atmaly (düýbünden 5 sm çenli ýeterlik bolýar). Wannany doly suw bilen doldursaňyz, marsiliýa üçin iň amatly şerti döredersiňiz. Wanna ulanmagyň aýratynlygy ony gyşky bagda ýa-da öýde, ösümlik öýüň iň güneşli we ýyly ýerinde bolar ýaly penjiräniň ýanynda goýup bolýanlygydyr (balkonda goýsaň has gowy bolýar). Tomsuna wannany günorta tarapda ýerleşýän balkona ýa-da baga goýup bilersiňiz.

Emma ony bagdaky köljagazda goýsaňyz has owadan görüner. Köljagazda goýulanda düýbüne biraz bagyň toýunsow topragyny dökmeli we oňa marsiliýanyň kök baldagynyň uly bolmadyk bölejigini berkitmeli. Mundan soňra ösümlik hakynda alada etmek gerek däl, onuň öz-özi öser. Suwuň derejesine marsiliýanyň özi öwrenişýär we suwuň hili oňa zyýan bermeýär. Şonuň üçin ony islendik derejedäki (5–100 sm) suwly rezerwuarda ösdürip bilersiňiz. Marsiliýa, ýapraklary suwuň üstünde ýüzer ýaly ýapraklarynyň sapaklaryny uzaldýar.

Marsiliýany köpeltmegiň iň amatly usuly kök baldagynyň bölünmegidir. Munuň üçin uly bolmadyk kök baldagy (10 sm) ýeterlikdir we tomusda suwuň ýüzünde dört ýapraklydan ajaýyp “gazon” peýda bolar.

Printed from neznama adresa