Hytaý çaý agajy – öz çaýyňyzy özüňiz ýetişdiriň!

fotosurat Eýýäm gyşyň aýagyndan başlap her bir höwesjeň bagban indiki möwsümde näme ösdürip, näme köpeltmelidigini meýilleşdirip başlaýar. Siz indi her ýyl pomidor, gyzyl burç we hyýar ýetişdirmek islemeýärmisiňiz? Siz bir üýtgeşik zat arzuw edýärsiňizmi? A siz bu ýyl çaý ekseňiz nähili bolar?

fotosurat Çaýlaryň görnüşine (Camellia) 50-ä golaý hemişe gök öwüsýän tropiki we subtropiki gyrymsy we kelte agaçlar degişlidir. Olardan has bellisi hytaý çaý agajydyr (Camellia sinensis). Ol günorta we günorta-gündogar Hytaýdan, şeýle hem Hindistanyň, Birmanyň, Wetnamyň we Laosyň ýanaşyk sebitlerinden gelip çykan örän gadymy medeni ösümlikdir. Bu ýerlerde ol müňlerçe ýyllardan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Çaý dünýäniň ähli tropiki ýerlerinde ýetişdirilýändigine garamazdan, belli çaý öndürüjiler, hemişekisi ýaly Hytaý, Hindistan, Şri-Lanka we Ýaponiýa bolup galýar.

fotosurat

Çaý agajynyň tohumy

Çaý ýetişdirmek biziň şertlerimizde-de kyn däl. Esasy zat täze tohum bolup durýar, sebäbi çaý agajynyň tohumy gögerijiligini çalt ýitirýär. Şar görnüşli tohumlary ekmezden 2–3 gün öň ezip goýmaly. Soňra ýeňil topraga ekmeli. Tohumlar 20–25 С°-de goýlanda 2–4 hepdede gögerýär. Olar çykandan soňra güneşli ýerde çalt ösýärler. Ýarym ýyldan soň olary ýolup alsaň bolýar. Dogry ýolanyňyzda ol ýaýraň şahaly agaç görnüşinde bolar we siz çaý öndürmek üçin çig mal alarsyňyz.

Tomsuna çaý agajyny howluda – bagda, ýa-da balkonda ýetişdirmek bolýar. Tomsuň yssy howasy hem-de yzygiderli we ýeterlik derejede suwlamak çaýyň ýetişmegi üçin amatly şertlerdir. Sebäbi çaý öz watanynda şeýle şertlerde ýetişýär. Bagda ýa-da balkonda ýetişdirilen çaýy tropiki ýerlerde ýetişdirilen çaý bilen deňeşdirip bolmasa-da ony ösdürip ýetişdirmek siziň üçin örän ýakymly bolar we oňa gowy ideg etseňiz ullakan ak gül çykarar. Gyşyna çaý agajyny penjirede goýuň. Agaç hemişe gök öwüsýän agaçlara degişli bolup, gyşyna biziň şertlerimizde oňa gün şöhlesi ýetmezçilik edýär we gyşyna agaç süllerip ýapraklary dökülýär. Ýazyň gelmegi bilen onuň ýagdaýy gowulaşýar we siz ýene ony ýygyp bilersiňiz.

Printed from http://www.botanix.kpr.eu/tk/print.php?t=16