Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Adaty weşenka (Pleurotus ostreatus) ýetişdireliň

Häzirki wagtda adaty weşenka (Pleurotus ostreatus) gelinkömelekden has köp meşhurlyk gazandy. Gelinkömelekden tapawutlylykda bu ösümligiň bir uly aýratynlygy bar – ony zäherli ak ýylankömelege meňzetmeli däldir.

Bu kömelek adam organizmini zäherli maddalaryň täsirinden goraýan witaminlere, aminokislotalara we mineral maddalara baýdyr. Hatda ol gandaky holesteriniň derejesini azaltmaga-da ýardam edýär. Kömelegiň energiýa kuwwatlyly pesdir. Şonuň üçin ol az kaloriýaly berhiz üçin ulanylyp biler. Şeýle hem bu kömelegiň düzüminde düwnüge garşy maddalaryň bardygy çak edilýär.

Adaty weşenkany (Pleurotus ostreatus) ösdürmek instruksiýasy

Adaty weşenkany ösdürip ýetişdirmek üçin 2 mümkinçilik bar. Ony polietilen paketlerde samanda ýa-da agaçda ýetişdirmek bolýar.

Polietilen paketlerde samanda ýetişdirilişi

Ilki bilen samany taýýarlaň. Sapmazdan öň ony, bakteriýalar, sporalar, heňler we beýleki kömelekler ýok bolar ýaly zyýansyzlandyrmaly (sterilizasiýa etmeli). Zyýansyzlandyrmagyň 2 usuly bar:

  1. Samany ullakan gaba (gazan, köne piti) goýmaly. Üstüne suw guýup takmynan 1000C-a çenli gyzgynlykda 1 sagatlap gaýnatmaly. Soňra samany 20–250C-a çenli sowatmaly.
  2. Ikinji (has aňsat) usuly; samany ullakan gaba goýmaly, soňra üstüne gaýnag suw guýmaly we sowaýança goýmaly. Soňra suwyny döküp ýene gaýnag suw guýmaly. Saman 20–250C sowandan soňra sapmaga taýýar bolýar.

Saman şeýle sapylýar: saman we owradylan sapma substraty ullakan halta gezekli-gezegine goýulýar. Bir gap sapma substraty 15–20 kg öl saman üçin ýeterlik bolýar, ol takmynan 50×100 sm möçberdäki polietilen pakete deň bolýar. Paketi doldurup soňra ony ýapmaly (daňmaly). Päki ýa-da pyçak bilen paketi kesişdirmeli. 1 paketde 10 kesik bolmaly. Kesikler 3–5 sm ululykda bolmaly. Eger siz nahaly yzgary az ýerde ösdürýän bolsaňyz kesikler kiçiräk bolmaly (gerek bolan ýagdaýynda kesikleri soň ulaltmak bolýar). Sapylandan soňra paketleri ala kölegeli ýerde goýmaly (günüň şöhlesi göni düşmez ýaly). Kömelegi ösdürmek üçin iň amatly temperatura 15–25 0C. Temperatura näçe ýokary bolsa kömelek şonça-da çalt ösýär (netijede samandaky ýokumly maddalar çalt çykýar).

Şonuň üçin näçe weşenka gerek bolsa temperatura şoňa görä bolmaly. Eger kömelek hasyly size gerek bolan mukdardan köp bolsa olary sowgurak ýere geçirmeli. Eger has köp kömelek almak isleýän bosaňyz olary has ýyly ýerde ösdürmeli. Weşenka 3–4 aýyň dowamynda hasyl berýär. Soňra paketdäki ýokumly maddalar gutarýar we başga ösümlik ekmeli bolýar (muny täze samany köne samana sapmak arkaly edip bolar). Bir paketden 2–4 kg kömelek ösdürip ýetişdirmek bolýar.

Agaçda ýetişdirlişi

Adaty weşenka tebigatda ýaprakly agaçlarda ösýär. Şonuň üçin ony 30–80 sm uzynlykdaky odunlarda ösdürmek bolýar. Ýaprakly agaçlaryň ähli görnüşiniň (hwoýa ýapraklylar muňa girmeýär) odunynda kömelek ýetişdirmek bolýar. Agajy ýarym ýyldan köp saklamaly däl.

Oduny sapmagyň köp usullary bar. Kömelegiň süýümleri agaçda ösmäge başlar ýaly nahal agaja degip durmaly. Odunlary deşmeli ýa-da byçgy bilen kesmeli. Deşiklere ýa-da kesikleriň içine nahaly goýmaly. Sonra odunlary halta goýup, kömelek süýümleriniň gögermegi üçin 2–3 aý saklamaly. Soňra gögerip çykan miseliýleri bagyň kölegeli böleginde 1/3-ni topraga oturtmaly. Guranda suw pürkmeli. Odunlardaki hasyly (agajyň ýokumlylygyna baglylykda) 2–5 ýylyň dowamynda ýygnamak bolýar.

Weşenka nahalynyň satuwy



««« Öňki makala: Parajubaea torallyi palmasy Indiki makala: Çerimoýa (Annona cherimola) »»»

Sişenbe 8.12.2009 08:08 | Print | Kömelekler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.