Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Parajubaea torallyi palmasy

Parajubaea torallyi Günorta Amerikanyň iň owadan we çydamly palmalaryndan biridir. Bu at size hiç zatlar aňlatmaýar gerek? Geň däl. Tohumlary ullakan bolansoň (şonuň üçin ony daşamagyň çykdajysy köp bolýar) ony Ýewropa käwagt getirýärler. Şonuň üçin palmanyň bu özüne çekiji görnüşi Boliwiýadan başga ýerde örän seýrek duş gelýär.

Tebigatda bu palma Boliwiýa Andlarynyň gury jülgelerinde, deňiz derejesinden 2700–3400 metr beýiklikde duş gelýär. Şonuň üçin ol dünýäde has belentde ösýän palmadyr. Temperatura 20 oC-a çenli seýrek ýokarlanýar, gijelerine bolsa aýaz seýrek bolmaýar. Gyş aýlarynda (iýul, awgust) temperatura köplenç –7 oC-a çenli peselýär. Bu ýerde ýyllyk ýagynyň mukdary zordan 550 mm-e ýetýär, ýagny günorta Morawiýanyň iň gurak ýerlerindäkiden hem az. Tebigy gögeriş arealynyň beýik dag klimaty sebäpli bu palma sowuga çydamly subtropiki görnüşdir. Şonuň üçin ony Ortaýer deňiz sebitlerinde amatly şertlerde ýyluzyn açyk asmanyň astynda ösdürip bolýar. Bizde gyş aýlarynda ony jaýyň içinde goýmaly, bu ýerde ol 0 oC temperatura çydap bilýär. Ýewropada sowuga çydamlylygy – 3 oC-a deň. Palmanyň çydap bilen iň pes temperaturasy –8 oC boldy. Aslynda ol hemme ýapraklaryny dökdi, ýöne guramady. Ýazda bolsa täze ýaprak çykardy.

Boliwiýada ol 14 metre çenli ösýär, sütüniniň diametri 25–35 sm. Ýüz ýyllyk nusgalarynyň boýy 30 metre, sütüniniň diametri bolsa 50 sm ýetýär. Özüne çekiji owadan kronasynda 5 metre çenli uzynlykda 20-ä golaý ýapragy bolýar. Bu palma öz watanyndan başga ýerde ekilende has ownuk bolýar.

Tebigatda bu palma tohumlarynyň ululygy boýunça bir-birinden tapawutlanýan 2 aýra populýasiýada ösýär. Parajubaea torallyi war. torallyi tohumlary 7 sm-e ýetýär, şol bir wagtyň özünde onuň kiçi tohumly görnüşi bolan Parajubaea torallyi war. microcarpa 3 essä golaý kiçi we daşyndan seredeniňde biri-birinden diňe azajyk tapawutlanýar, tebigatda kiçi görnüşi öz uly tohumly urugdaşy ýaly uzyn bolmaýar.

Parajubaea torallyi Boliwiýada şäher seýilbaglarynda we köçeleriň gyralarynda oturdylýan söýüli ösümlikdir. Ekwadorda we günorta Kolumbiýada şäherlerde deňiz derejesinden 2500–3000 m ýokarda Parajubaea cocoides ösdürilýär. Ol sowuga az çydamly bolup, haýal ösýänligi bilen tapawutlanýar. Onuň Parajubaea torallyi-a örän meňzeşligini göz öňüne tutup, şeýle hem onuň tebigatda näbellidigi üçin gürrüň Parajubaea torally-niň ekilýän görnüşi barada gidýär diýip çak edilýär.

1996-njy ýylda öz topary boýunça iň kiçi görnüş bolan Parajubaea sunkha-nyň aýratynlyklary beýan edildi. Boýy 8 metre ýetýän bu palma Wallegrande prowinsiýasynyň käbir içerki And jülgelerinde we Boliwiýanyň Santa-Krus okrugynda deňiz derejesinden 1700–2200 m ýokarda ösýär. Anyk taksonomiki barlag geçirilýänçä ony Parajubaea torally-den tapawutlandyryp bilmediler.

Palmanyň Parajubaea görnüşini tohumlaryndan ösdürmek kyn däl, ýöne munuň üçin örän uly sabyr gerek. Tebigatda tohumlar regulýar däl görnüşde çykýar, adatça bu proses 1,5 ýyl dowam edýär. Käbir tohumlar ekilende bir aýdan gögerýär, käbirleri ýarym ýyldan, käbirleri bolsa iki ýyldan gögerýär. Eger gürrüň palmanyň subtropiki görnüşleri barada gidýän bolsa, ýokary temperatura tohumlaryň gögerijiligini tizleşdirmeýär, tersine uzaklaşdyrýar.

Tohumlary ekmezden öň ýyly suwda 5–7 gün ezip goýmaly. Uly tohumly görnüşini 2 hepdä çenli goýmaly. Tohumlar çüýremez ýaly suwy her gün çalşyp durmaly. Tohumlar (esasan-da uly tohumly görnüşi) biraz ýylmanmagy mümkin. Şol wagtyň dowamynda suw tohumyň içine aralaşýar we durgunlyk döwrüni togtadýar (tohumy guraklyk döwründe gögermekden goraýan dynç alyş fazasy, guraklyk döwri Boliwiýada gyş aýlarynda, ýagny iýundan oktýabra çenli) we tohum gögermäge başlaýar. Şunuň bilen çyglylyk fazasy tamamlanýar. Gürrüňiň gurak sebitlerde ösýän subtropiki görnüş barada gidýändigini ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin bol suw oňa oňaýsyz täsir edýär. Tohumlary ezeniňizdeň soňra, olaryň ýarysy toprakdan çykyp durar ýaly edip gül ekilýän küýzelere ýa-da plastiki haltajyklara oturdyň. Temperatura 10–20 oC-a golaý bolmaly (gündizine ýokary we agşamyna pes temperatura bolup, arasynda uly tapawut bolsa has gowy bolýar). Has pes temperatura we has gurak toprak palmanyň bu görnüşini ösdürmekde beýleki köp görnüşleri bilen deňeşdirilende esasy tapawut bolup durýar.

Ekilen tohumlary 3–4 hepdeden bir gezek barlaň, gögerenleri bolsa, aýratyn küýzelere oturdyň. Käbir höwesjeň bagbanlar tejribeli bolýarlar – olar bir ýylyň dowamynda gögermedik tohumlary suwarmagy bes edýärler we topragy iki aýlap doly gurar ýaly garaşýarlar. Soňra tohumlary saýlaýarlar, bir hepde ezip goýýarlar we gaýtadan ekýärler. Ýarym ýylyň dowamynda hemmesi diýen ýaly gögerýär. Gögermedik tohumlary bolsa, indiki ýyl ýene iki aýlap guradýarlar (Boliwiýadaky guraklyk dönemini ýatladýarys) we gaýtadan ezilenden soňra, ahyrsoňy tohumlar gögerýär.

Bu palmanyň tohumynyň gögerjiligi takmynan 100 %, ýöne olary nädip ekmelidigini bilmeli we ylaýta-da ýalta tohumlara guramaklary üçin birnäçe aý wagt bermeli.

Tohum gögerip çykandan soňra ony ösdürmek örän aňsat, ýöne ony suwaranyňyzda ägä boluň. Ýaş palmalar ala kölegäni halaýar (tebigatda tohumlar uly agaçlaryň kölegesinde ösýär), şol bir wagtyň özünde ýetişen ösümlikler üçin doly ýagtylyk gerek.

Parajubaea görnüşi ýitip gimek howpy bolan Günorta Amerika palmalary toparyna degişli. Ýitip gimek howpynyň esasy sebäbi biotoplaryň ýok edilmegi, oba hojalyk ýerleriniň giňeldilmegi, tokaýlaryň ýok edilmegi we haýwanlaryň çakdanaşa köp bakylmagydyr. Palmalar örän kiçi territoriýalarda duş gelýär, bu bolsa olara abanýan howpy we ýok bolmak mümkinçiligini artdyrýar. Tohumlarynyň ullakan bolmagy sebäpli palmalaryň täze ýerlere ýaýramak mümkinçiligi çäklidir. Olaryň has meşhur ýaýradyjysy äýnekli aýy (Tremarctos ornatus) bolup, oňa adamlaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ýitip gitmek howpy abanýar.

««« Öňki makala: Gazony nähili kesmeli? Indiki makala: Adaty weşenka (Pleurotus ostreatus) ýetişdireliň »»»

Duşenbe 7.12.2009 07:56 | Print | Palmalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.