Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Gazony nähili kesmeli?

Gazonyň gür bolmagy üçin ony dogry kesmeli. Sebäbi islendik ýaş pihta ýa-da sosna gazonyň içinde gömülip dursa gowy görünmeýär.

Gazon orulanda düzgün boýunça başdaky ösgünliginden 1/3 gysgaldylýar. Bu şuny aňladýar, eger 6 sm ösgünlikdäki gazon orulanda takmynan 4 sm goýmaly. Gazonyň optimal boýy – 2–3 sm. Eger gazon örän gysga kesilse gazonyň guramagy mümkindir. Eger muňa garamazdan gazonyň gysga bolmagyny isleýän bolsaňyz, orulandan soň ony gowy suwarmagy ýatdan çykarmaň (1 m2 üçin takmynan 10–15 l suw)

Biz 2 görnüşli ot ýygýan maşyn ulanýarys – klassyky we “mulçirleýiji”

Mulçirleýiji ot ýygýan maşynlar orulan oty ýygnamaýar, uşajyk edip kesýär we gazonyň üstüne dökýär. Şeýlelikde her orulandan soňra gazon öz-özi dökünlenýär. Eger gazonyň ýakynynda howuz bar bolsa, mulçirleýiji ot ýygýan maşyny ulanmak amatly bolmaýar, sebäbi otuň ownuk bölekleri yörelende howuza gaçmagy mümkin. Munuň ýaly gazonlar üçin orulan oty ýygnamak üçin sebetli kassyky ot ýygýan maşynlar has amatly bolýar.

Häzirki wagtda geçiş tipli ot ýygýan maşynlar hem bar. Eger oňa orulan otu ýygnamak üçin sebet goýsaňyz, klassyky ot ýygylýan maşyn ýaly bolýar, sebet goýulmasa bolsa, mulçirleýiji ot ýygýan maşyn ýaly bolýar.

Ot ýygýan maşynlar diňe 150 -den az ýapgytda ýerleşýän gazony ýygmak üçin amatlydyr. Eger gazon has ýapgyt ýerde ýerleşýän bolsa, el ot ýygyjysyny ulanmaly. Şeýle hem el ot ýygyjysy gyrymsy we adaty agaçlaryň töwereginde, gazonyň içinde ýa-da gyrasynda ekilen köpýyllyk ösümlikleriň töwereginde ot ýygmak üçin amatly bolýar.

««« Öňki makala: Kiwano - Cucumis metuliferus Indiki makala: Parajubaea torallyi palmasy »»»

Ýekşenbe 6.12.2009 09:09 | Print | Gazon

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.