Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Kiwano - Cucumis metuliferus

Kiwano 10–15 sm uzynlygynda, mämişi kädä meňzeýär. Onuň „tikenleri“ bolup orta asyr ýaragyny ýatladýar. Eti ýaşyl we 5–10 mm uzynlygynda ak çigitleri bar. Bişmänkä tikenleriniň töwereginde ýaşyl surat bolýar.

Bu ösümligi bize Merkezi Amerikadan we Ysraýyldan getirýärler. Iýmit görnüşinde çigitleri bilen ýaşyl eti ulanylýar. Tagamy hyýar bilen kädiniň ýa-da bananyň garyşyk tagamyna meňzeýär. Eti çykarylan kiwanony bezeg jamy görnüşinde ulanmak bolýar. Tohumlaryny guradyp, ony öýde ýetişdirmäge çalyşmaly. Kiwano hyýaryň ösýän ýerinde gowy ösýär. Bu äpet, çalt ösýän birýylyk liana özüniň uzyn gulaklary we murtjagazlary bilen kädini ýatladýar. Onuň gulaklaryny, murtjagazlaryny gysgaltmaly. Ýapraklary hyýaryň ýapragyna meňzeş bolup, hatda ownujak tikenleri-de bar. 3 mm ululykdaky gülleri hyýaryňky ýaly tozanlanýar. Onuň miwelerine üns bermeli, olar topraga degip duranda çüýremegi mümkindir. Kiwano üçin hyýaryňky we gawunyňky ýaly aýna ýa-da plýonka parnikde 25 °C temperatura gerek. Bu ösümlik sowuga çydamsyzdyr. Şonuň üçin ol daşarda diňe alabahar sowugy geçenden soňra ekilýär.

««« Öňki makala: Indoneziýada mangonyň görnüşleri Indiki makala: Gazony nähili kesmeli? »»»

Şenbe 5.12.2009 07:55 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.