Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Indoneziýada mangonyň görnüşleri

Indoneziýanyň Borneo adasynda mangonyň (Mangifera) tebigatda ösýän 34 görnüşi bar. Bu görnüşleriň köpüsine tokaýlaryň çapylýandygy sebäpli ýitip gitmek howpy abanýar. Mangonyň käbir görnüşleri, mysal üçin Kalimantan mangosy (Mangifera casturi) eýýäm tebigatda ýok bolup gitdi.

Borneoda mango agaçlarynyň käbir perspektiw görnüşleri: Mangifera griffithi (asem raba, we romian ýaly ýerli atlary bilen tanalýar), Mangifera pajang (asem payang), Mangifera quadrifida (asem kipang) we Mangifera torquenda (asem putaran).

Ýakymly ysly mango (Mangifera odorata) – köplenç Günorta-Gündogar Aziýada ösýän mangonyň belli sortudyr. Bu sort, mangonyň örän giňden ýaýran (Mangifera indica) we ýakymsyz ysly mango (Mangifera foetida) görnüşleriniň arasyndaky gibriddir. Ol şunuň ýaly atlary bilen tanalýar: kuweni, kuwini (indonez dilinde); kweni, asam membacang, macang, lekup (malaý dilinde); kuwini, ambacang, embacang, lakuik (minangkabau dilinde); kuweni, kebembem (betawi dilinde); kaweni, kawini, bembem (sundan dilinde); kaweni, kuweni, kweni (ýawan dilinde); kabeni, beni, bine, pao kabine (madurisiýa dilinde), kweni, weni (baliniz dilinde); mangga kuini (Demirgazyk Sulawesi dilinde); we kuini, guin, koini, kowini, koine, guawe stinki, sitingki, hitingki (Maluku adasynyň dilinde).

««« Öňki makala: Biz gazon oturdýarys Indiki makala: Kiwano - Cucumis metuliferus »»»

Anna 4.12.2009 06:54 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.