Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Biz gazon oturdýarys

Täze gazony oturtmagyň ýa-da köne gazony oturdyp gutarmagyň iň amatly wagty maý ýa-da iýun aýydyr. Ýöne ýylyň dowamynda rekord derejede az ýagyn ýagan bolsa, iýul aýy hem amatly bolup biler.

1. Täze gazon oturtmak

Gazony oturtmak isleýän ýeriňizi 10–15 sm çuňlukda gazyň. Soňra topragyň üstüni tekizläň we mysal üçin walik bilen tapbatlaň.

Soňra siziň iki mümkinçiligiňiz bar:

a) gazony ekmek

Ilki bilen gazon ekmekçi bolýan meýdanyňyzy ölçäň. Näçe tohum ulanyljakdygyny hasaplaň: 1 m2 ýere 25 g tohumdan hasaplaň + her 10 m2 üçin, ätiýaçdan ulanar ýaly 25 g tohumy üstüne goşuň.

Tohum satyn alanyňyzda onuň täzeligine üns beriň, sebäbi tohum gögerijiligini örän tiz ýitirýär (ikinji ýyl onuň gögerijiligi 50 % peselýär). Mundan başga-da, tohum satyn alanyňyzda onuň dükanda dogry saklanyp-saklanmadygyna üns bermeli (eger tohum çyg bolsa käbirleriniň eýýäm gögerip başlan bolmagy mümkin. Şunuň ýaly tohumy gowusy satyn almaň – size artykmaç kelleagyry bolmasyn). Tohumyň dükanlardaky ortaça bahasy (sortuna baglylykda) 3–5 ýewro/kg.

Tohum satyn alanyňyzda gazony nähili ulanjakdygyňyza görä saýlaň (onuň üstünde köp ýöreljekmi ýa-da sport çärelerini geçirmek üçin ulanyljakmy ýa-da tersine onuň üstünde ýöremekçi dälmi, belkem ony diňe öý guşuny iýmlemek üçin ulanarsyňyz). Hiç wagt markasyz tohum satyn almaň!

Güýçli şereketlerde otlaryň ummasyz köp görnüşiniň arasyndan birini saýlamaga kömek edýän maglumat kagyzjygy bolýar. Islendik dükanda siz şol kagyzy sorap alyp bilersiňiz.

Satyn alan tohumyňyzy gurak, sowuk we garaňky ýerde saklaň. Tohumy indiki ýyla goýmazlygyňyzy maslahat berýäris, sebäbi olar gögerijiligini tiz ýitirýär.

Tohumy “doly inine” maý aýynda ekiň (bu ýyl iýulda). Ekmezden öň topragy inçe dyrmygyň kömegi bilen 1 sm çuňluga çenli keşläp çykyň. Ekeniňizden soňra tapbatlaň (mysal üçin walik bilen) we gowuja çyglaň. Tohum takmynan 14 günden gögerýär. Gazonyň boýy takmynan 10 sm-e ýetende birinji gezek ony oruň. Oranyňyzdan soňra gazonyň çykmadyk ýerlerini görseňiz şol ýerleri gaýtadan ekip bilersiňiz. Gazon gür bolar ýaly sentýabryň ortasyna çenli ony 1–2 hepdeden ormaly. Orulan oty hiç wagt zyňmaň. Şu sanymyzyň soňky sahypasyndaky makalany ýene bir gezek üns berip okaň.

b) gazony oturtmak üçin öňünden ýetişdirilen otly halylary ulanyň

Bu usul has çalt, ýöne has gymmat düşýär. Beýleki tarapdan bu usul has amatly bolýar, sebäbi öňünden ýetişdirilen otly halylary satýan şereketleriň köpüsi olaryň bahasyna oturtmagyň bahasyny hem goşýarlar. Şeýlelikde täze gazony oturtmak bilen baglanşykly ähli işiňizden dynarsyňyz.

Gazony oturtmak üçin öňünden ýetişdirilen otly halylar ulanylýar. Olaryň oturtmak bilen bilelikdäki bahasy (sortuna baglylykda) 3–5 €/m² çäklerinde üýtgeýär.

2. köne gazona idi-yssywat

Her ýazda (mart-maý aýlaryndaky howany hasaba almak bilen) gazony ýapraklardan we gury otdan arassalaň, gerek bolanda onuň boş ýerlerini täzeden ekiň.

Aýaz gyşyň dowamynda gazony “ýapyrýar”, şonuň üçin ony ýazyna tekizlemeli. Şeýle hem gazonyň janlanmagyna topragyň howalandyrylmagy oňaýly täsir edýär. Munuň üçin siz ýönekeý enjam bolan “howalandyryjyny” ýasap bilersiňiz.

Munuň üçin 2–3 sm galyňlygynda, takmynan 30×30 sm ululykda tagta taýýarlaň. Oňa beýleki ýüzünden çykyp durar ýaly 10 sm-lik çüýleri çüýläň. Çüýleriň arasyndaky uzaklyk 2–3 sm bolmaly. Çüý çüýlenen tagtany agaç tutawaja berkidiň (onuň uzynlygy siziň boýuňyzyň uzynlygyna bagly bolýar, “howalandyryjy” bilen işlemek size amatly bolar ýaly bolmaly).

Hemişe gazony ýyganyňyzdan soňra, siz tagtanyň üstünde durup biler ýaly edip ýere çüý çüýläň. Soňra çüýleri çykaryp, bu operasiýany ähli gazonda gaýtalaň. Zerur bolan halatynda siz çarşak hem ulanyp bilersiňiz.

Eger gazony suwarmak isleseňiz, topragy howalandyranyňyzdan soňra suwaryň. Suw barmaly ýerine, köklere barar.

««« Öňki makala: Biz awokado ýetişdirýäris Indiki makala: Indoneziýada mangonyň görnüşleri »»»

Penşenbe 3.12.2009 08:52 | Print | Gazon

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.