Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Biz awokado ýetişdirýäris

Awokado (botaniki alligator armydy – Persea americana), boýy 6–20 m bolan tropiki agaçdyr. Tebigatda bu agaç Meksikadan Braziliýa çenli bolan sebitlerde ösýär. Häzirki wagtda ol ähli tropiki we subtropiki zolaklarda ösdürilip ýetişdirilýär.

Awokadonyň ýapraklary ellips şekilli, ýiti uçly, ýüzi ham ýaly, ýalpyldawuk, açyk ýa-da goýy ýaşyl reňkli, arka tarapy bolsa çal reňklidir. Pyrtykalyň ýapraklaryna meňzeşdir.

Awokado güllände her çogdumynda 100–300 gül bolýar, ýöne olaryň takmynan 0,1 %-i tozanlanýar. Munuň esasy sebäbi, onuň birinji güllän güni diňe miweligi bişýär. Miwelik bişen wagty tyçinkalar heniz ösmedik bolýar. Soňra güljagaz bir gün ýapylýar. Ertesi gün ýene açylýar, şonda tyçinkalar bişen bolýar, miwelik bolsa oňa çenli süllerip gurap galýar. Mundan başga-da, bişen tyçinkaly we miwelikli güller dürli wagtlarda açylýarlar.

Miwesi ýumurtga şeklinde ýa-da armyt görnüşindedir. Awokadonyň sortlary üç geografiki topara bölünýär:

  1. Antil topary (tropiki) tropiki çöketlikdäki (deňiz derejesinden 800 m çenli) sebitlerden gelip çykandyr. Mysal üçin oňa “Waldin”, “Simmonds” we “Gara şazada” (Waldin, Simmonds, Black Prince) sortlary degişlidir. Olar sowuga çydamsyzdyr. Miweleriň agramy 0,4–1,5 kg.
  2. Gwatemala topary (ýarym tropiki) tropiki daglyk (deňiz derejesinden –2.800 m) sebitlerden gelip çykandyr. Bu toparyň hakyky wekilleri Bemik bilen Hassdyr (Bemik, Hass). Olar gysga wagtyň dowamynda 0 °C-a çenli pes temperatura çydap bilýärler. Miweleriň agramy 0,5–1,5 kg.
  3. Meksikan topary (subtropiki) Meksikanyň subtropiki sebitlerinden gelip çykandyr. Bu topara pes temperatura has çydamly bolan sortlar degişlidir. (gysga wagtyň dowamynda – 4 °C-a çenli temperatura çydap bilýärler) bu topardaky sortlar iň köp ösdürilip ýetişdirilýän sortlardyr. Mysal üçin bu topara “Gotfrid” we “Pernod” (Gottfried, Pernod) sortlary degişlidir. Miweleri kiçi bolup, agramy 250g çenlidir.

Häzirki wagtda iki toparyň sortlary çakyşdyrylyp alnan sortlar hem bar (köplenç gwatemala we meksika toparlary). Bizi diňe meksikan toparynyň sortlary gyzyklandyrýar. Çylşyrymly gülleýändigi üçin bolsa gerek, bu sort biz ösdürenimizde guramaýar, ýöne ýapraklary özüne çekiji bolansoň bu sorty içeride ýetişdirmek amatly bolýar. Tohumdan ýetişdirilen awokado 6–8-nji ýyl gülläp başlaýar. Awokado ýaýraň ýagtylygy talap edýär. Ony öýlerde, iş ýerlerinde ýa-da teplisalarda ýetişdirip bilersiňiz. Tomsuna ony balkona ýa-da baga goýup bilersiňiz. Wagtal-wagtal suw pürkdürip suwarmak örän peýdaly bolýar.

Awokadony köpeltmegiň iň aňsat usuly tohumyndan köpeltmekdir. Çybyklary bilen diňe käbir sortlaryny köpeltmek bolýar.

Tohumlary ýaryna çenli suwda ezip, kütek tarapyny aşak edip goýmaly. Olary şinelemäge başlamazdan öň suwa ezmeli (Olar çüýremez ýaly 3 aýdan köp suwda ezmek maslahat berilmeýär. Eger tohumlar 3 aýyň dowamynda görermese, olary şol durşuna ekmeli. Adatça ekilenden köp wagt geçmänkä tohumlar gögerýär we ösüp başlaýar.). Tohumlary 3/4 kütek tarapyny aşaklygyna edip ekiň. Meniň pikrimçe tohumlary bir-birden gabyň içine ekip soň üstüni aýna bilen ýapsaň gowy bolýar. Şeýle edilende gabyň içinde yzgar saklanyp, tohumyň gögermegini çaltlaşdyrýar. Tohumy ekmek üçin ýeňil toprak saýlaň. Ýeňil toprak artykmaç suwy derrew akdyrýar. Tohum heňlemez ýaly, gabyň üstündäki aýnany her gün 30 minut töweregi açyp goýuň.

Tohumlar bütin gün ýyly ýerde goýulsa gowy gögerýär. Olar üçin iň gowy temperatura 25 °C-den ýokary bolan temperaturadyr. Ilkinji ýapraklaryny çykarandan soňra öý temperaturasy ýeterlik bolýar.

Ýokary temperaturada saklamak üçin, küýzäni ýyly radiatoryň üstüne goýmak bolýar. Şonuň üçin tohumlary gyşda ýyladyjylaryň işledilýän wagty ekseň gowy bolýar.

Biziň şertlerimizde awokado ýeterlik derejede çalt ösýär. Awokadonyň köp şahaly, boýu 1 metre golaý agaç bolmagy üçin bizde 2 ýyl ýeterlikdir.

Biziň şertlerimizde awokado miwesini ýetişdirmek mümkin däldir. Ýöne häzirki wagtda olary dükanlarda tapmak kyn däl. Gynansak-da dükandan satyn alnan awokadonyň tohumlaryndan awokado ekip bilmersiňiz (olar ekilende örän seýrek gögerýär, sebäbi miwe heniz bişmänkä ýygylýar).

Awokado dünýäde iň ýokumly miwedir. Onuň energiýa gymmatlygy 100 g etinde 840 kJ (deňeşdirmek üçin banan 355 kJ, gawun agajy 180, pomidor 90, hyýar 0,64). Awokadonyň düzüminde derä aňsatlyk bilen çalyp bolýan 5–32 % ýag bolup, ol gymmatly kosmetiki serişdedir. Himiki düzümine görä awokado miweler toparyna degişli edilse-de ol miwe däldir.

Awokado köplenç çig görnüşde iýilýär. Ony kesip, limon şiresi, duz ýa-da jaz goşup çemçe bilen iýýärler. Indiki sanymyzda awokadodan iki sany ýönekeý tagam taýýarlanyş usulyny görkezeris.

««« Öňki makala: Yrym edip dört ýaprakly marsiliýa (Marsilea quadrifolia) ösdürýärsiňizmi? Indiki makala: Biz gazon oturdýarys »»»

Çarşenbe 2.12.2009 07:51 | Print | Ekzotik ösümlikler, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.