Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Tohumdan ösümlik ösdürip ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

Birýyllyklar

Köpýyllyklar

Gök önümler

Ýaş sogan

Ukrop, fenhel, tmin, anis

Gyzyl burç, pomidor we badamjan – tohum ekişi

Kösükliler – noýba, nohut, soýa, ýer hozy (arahis, hytaý hozy)

Agaçlar we gyrymsylar

Tohumdan ösümlik ýetişdirmek instruksiýalary

Birýyllyklar

Birýyllyk ösümlikleri deslapky ösdürmeklik üçin has ýeňil toprakdan peýdalanyň (gum bilen torfuň garyndysy 1:0–3). Aýaza duýgur görnüşleri öňünden aýazsyz ýerde (kwartira, oranžereýa, ýapyk plýonkaly parnik) ösdürip ýetişdiriň we olary 15-nji maýdan ozal oturdyň.

Küýzäni ýokarsynda 2 sm boş ýer galar ýaly edip gumdan dolduryň. Tohumyň paketini açyň-da ony gabyň ähli ýerine deňje edip sepeläň. Maýda tohumlary (gülälek tohumynyň ululygynda) iň gowusy asla gömmäň. Iri tohumlary ýukajyk toprak gatlagy (0,5–1 sm) bilen gömüň.

Ekeniňizden soň küýzäni aýna bilen ýapyň (bu esasan topraga gömülmedik maýda tohumlara degişli). Aýnany her gün 5–10 minutlap aýryp goýuň. Ilkinji kökjagazlar peýda bolup başlanda, ýaş gögerimleri ýukajyk toprak gatlagy (1–2 mm) bilen gömüň we mundan beýläk aýna bilen ýapmaň. Ýaş ösümlige ýeterlik ýagtylyk mukdary hökmanydyr.

Eger tohumlary ýygjam ekseňiz, onda ýaňy iki sany ýaprajyk çykan mahaly olary ýeke-ýekeden küýzä oturdyp bilersiňiz.

Ownuk tohumlary (zygyr) gömmek gerek däl, sepeläniňizden soň topragy dyrmyklasaňyz bolar. Günebakar bilen mekgejöweni bolsa 5–10 sm-lik çukurjyklara gämikläň. Birýyllyk ösümlikleriň köpüsini öňünden şineledip ýa-da gönümel topraga ekip bilersiňiz. Öňünden şineledilen ösümlikler 1–2 aý ir gülleýär.

Ekiş ýeri: A – oranžereýa, parnik, otag penjiresi, temperatura 20–25 oC B – gönümel topraga, Sifrler aýlary aňladýar, – (kese çyzyk) şitilleriň göçürilip oturdylmaýandygyny aňladýar (tohumlar gönümel hemişelik ýere ekilýär).

< td>C onvo nvul us t rioc olor < / t d > n n
Latynça ady Slowakça ady Ekiş ýeri Ekiş möhleti Oturdyş
Ageratum mexicanum Agerát mexický A 1.-3. 5.
Agrostemma githago Kúkoľ poľný B 9.-10. / 4.
Amaranthus Láskavec B 4.
Antirrhinum majus Papuľka väčšia B 4.
Bidens ferulifolia Dvojzub metlinatý A 2.-3. 5.
Callistephus chinensis Astrovka čínska A / B 3. / 4. 4.-5.
Capsicum sp. Paprika A 3. 5.
Carthamus tinctorius Požlť farbiarska B 4.
Centaurea imperialis Nevädza cisárska B 4.
Crupina vulgaris Krupina obyčajná B 3.-4. –< /td>
Pupenec trojfarebný B 4.
Cucurbis sp. Tekvica A / B 4. 5. / netreba
Cuphea lanceolata Kufea širokolistá A 3.-4. 5.
Dipsacus laciniatus Štetka laločnatá B 9.-11. / 2.-3.
Dorotheanthus bellidiformis Poludňovka sedmokrásková A 3.-4. 5.
Eragrostis abyssinica Milota habešská A 3.-4. 5.
Eschscholtzia californica Slncovka kalifornská A / B 3. / 4.
Felicia heterophylla   A / B 3. / 4. 5.
Gazania rigens Gazánia ohnivá A 3.-4. 5.
Chrysanthemum coronarium Chrysamtémovka vencovitá B 4.
Ipomea purpurea Povojník purpurový B 4.
Lavatera trimestris Slezovec trojmesačný B 4.
Linum Ľan B 4.
Lopezia racemosa Lopézia strapcovitá A 3. 5.
Mirabilis jalapa Nocovka jalapská A / B 3. / 4. 5.
Nicandra physalodes Nikandra machovkovitá A 4. 5.
Nicotiana rustica Tabak dedinský A 3.-4. 5.
Nicotiana tabacum Tabak fajčiarsky A (2.-)3.-4. 5.
Nigella damascena Černuška damascénska B 4.
Nigella orientalis Černuška východná B 4.
Papaver rhoeas Mak vlčí A 9.-11. / 3.-4.
Papaver somniferum Mak siaty B 4.
Phalaris canariensis Lesklica kanárska B 4.
Portulaca grandiflora Portulaka veľkokvetá A 3.-4. 5.
Riccinus communis Ricín obyčajný A / B 3.-4. / 4. 5.
Salvia splendens Šalvia ohnivá A 2.-4. 5.
Solanum pseudocapsicum Ľulok paprikový A 3. 5.
Tagestes Aksamietnica A / B 4. 5.
Tithonia rotundifolia Titónia okrúhlolistá A / B 3.-4. / 4. 5.
Ursinia anethoides Urzínia kôprolistá A / B 4. 5.
Zea mays Kukurica siata B 4. 5.
Zinnia elegans Cínia pôvabná A / B 4. 5.
jednoročné okrasné trávy: Aegilops, Bromus, Hordeum, Lagurus ovatus jednoročné okrasné trávy: mnohoštet, stoklas, jačmeň, zajačí chostík A / B 4. 5. / netreba

Köpýyllyklar

Köpýyllyk ösümlikleriň tohumlarynyň ekilişi hem edil birýyllyklaryňky ýalydyr. Köpýyllyklaryň ähli görnüşlerini günüden-göni daşarda öňünden şineledip bilersiňiz (ilki agaçlaryň ala kölegesinde, soňra bolsa güneşli ýerde).

Latynça Slowakça Ekiş möhleti Wegetasion köpeliş
Achilea Rebríček 4. delením
Ajuga Zbehovec delením
Alisma Žabník 4.-5. delením
Alyssum Tarica 4. delením
Anemone Veternica 3.-4. delením
Anthemis tinctoria Ruman farbiarsky 4.  
Aquilegia Orlíček 3.-5. delením
Aristolochia Vlkovec 4.-5.* delením
Aruncus vulgaris Udatník lesný delením
Asarum europaeum Kopytník európsky delením
Atropa bella-dona Ľuľkovec zlomocný 4.-5.  
Batrachium Močiarka delením
Calendula officinalis Nechtík lekársky 3.-5.  
Callitriche Hviezdoš delením
Campanula sp. Zvonček 3.-4. delením
Carex Ostrica 3.-4.* delením
Carlina Krasovlas 3.-4.  
Convalaria Konvalinka delením
Corydalis Chochlačka delením
Dianthus Klinček 6.-8. delením
Digitalis Náprstník 6.-8. delením
Echinacea purpurea Echinacea purpurová 3.-5. delením
Echium Hadinec 9.-10., 3.-4.  
Eleocharis Bahnička delením
Euphorbia Prýštec delením
Filago arvensis Bielolist obyčajný 3.-4.  
Gaillardia ariasta Kokarda ohnivá 4. delením
Geranium Pakost 4.-5. delením
Hacquetia Hviezdnatec delením
Helianthus decapetalus Slnečnica delením
Hemerocallis Ľaliovka 4.* delením
Hepatica Pečeňovník delením
Hieracium Jastrabník 3.-4.* delením
Hosta x undulata Funkia delením
Hypericum Ľubovník 4.* delením
Chamomilla recutita Rumanček pravý 9.-11., 3.-4.  
Inula Oman delením
Iris pseudoacorus Kosatec žltý 3.-4.* delením
Iris – ostatné druhy Kosatec – ostatné druhy 3.-4.** delením
Isopyrum Veterník 3.-4. delením
Jovibarba Skalnica delením ružíc
Juncus Sitina 3.-4.* delením
Lamiaceae – Acinos, Calamintha, Lamium, Teucryum, Thymus hluchavkovité – dušovka, marulka, hluchavka, hrdobarka, materina dúška 3.-4.* delením
Lemna, Wolfia Žaburinka, Wolfia delením
Leucanthemum Margarétka 3.-5. delením
Linum – vytrvalé druhy Ľan – vytrvalé druhy 3.-5. delením
Lupinus polyphyllus Lupína mnoholistá 3.-5. delením
Luzula Chlpaňa 3.-4.* delením
Lychnis Kukučka 3.-5. delením
Lysimachia Čerkáč delením
mäsožravé rastliny mäsožravé rastliny 4.-7. *** delením; in-vitro ***
paprade paprade celoročne *** delením; in-vitro ***
Phlox Flox delením
Plantago Skorocel 4.* delením
Primula Prvosienka 3.-4. delením
Pyrethrum parthenium Rimbaba obyčajná 4.-5.(-6.) delením
Ranunculus Iskerník 3. delením
Rudbeckia hirta Rudbekia srsnatá 3.-4. delením
Salvia – vytrvalé druhy Šalvia – vytrvalé druhy 3.-4. delením
Saxifraga Lomikameň 3.-4.* delením
Scutelaria Šišak 3.-4. delením
Sedum Rozchodník delením, koreňové, stonkové a listové odrezky
Sempervivum Rozchodnica delením ružíc
Silene Silenka 3.-5. delením
Sisyrinchium Mečovka 4. delením
Tragopogon Kozia brada 3.-4.  
Trifolium Ďatelina 4.  
Trollius altissimus Žltohlav najvyšší 3.-4. delením
Typha Pálka delením
Vicia Vika 4.-5.  
Viola Fialka 4.-5. delením
vytrvalé trávy vytrvalé trávy 3.-5. delením
  • Gök önümler

Ýaş sogan

Tohumy aprel-maý aýlarynda ýa-da awgustda kän gömmän (0,5 sm çenli) joýa gönümel ekiň. Joýany çygly hem-de haşal otlardan arassa edip saklaň (bu esasan hem ösümlikleriň çykýan wagty möhümdir). Soňra ýaş sogan kän zat talap etmeýär. Ol gür bogdajyklar emele getirýär, muny bolsa ýylda 2–3 gezek hökman bölekläp oturtmalydyr.

Gyş düşýänçä ýaş sogany (kök) köwläp çykarmak (takmynan 10 sm toprak gatlagy), hem-de ony öýüň ýakynynda (üst-üstüne birnäçe gat edip) çalykdyryp goýmak we ýere gaçan ýapraklar bilen basyryp goýmak bolýar. Gyşda (aýazly howada: dekabrdan fewrala çenli) her hepde ýaş soganyň köküni çykaryň we 2–3 günläp 10 oC temperaturada goýuň. Soňra olary küýzä oturdyň we otagyň penjiresiniň öňünde (iç tarapynda) goýuň. Takmynan bir hepdeden ýaş sogan ýaş çykaryp başlar we bir aýyň dowamynda siz soganyň C witamine baý terje ýaşyny ýygyp bilersiňiz.

Ukrop, fenhel, tmin, anis

Tohumlary aprelde ýa aýratyn ýa-da meselem käşiriň ýanyna ikinji derejeli ekin hökmünde ekiň. Onda soňraky idege diňe haşal otlary aýyrmak hem-de kadaly däl suwarmaklyk degişlidir. Hyýar möwsüminde hyýar konserwirläniňizde ýany bilen ukrop goşup bilersiňiz. Wegetasiýa döwründe tmin ýapraklaryny çorbada, işdäaçarda, şeýle-de etiň garniri hökmünde peýdalanyp bilersiňiz. Fenheliň, tminiň we anisiň tohumyndan ýellenmä we beýleki iýmit siňdiriş kynçylyklaryna garşy örän peýdaly çaý demlenip bilersiňiz. Güýzüne fenheliň we tminiň (şeýle hem petruşkanyň) köklerini ýygyp, gök önüm çorbasynda ulanyp bilersiňiz.

Gyzyl burç, pomidor we badamjan – tohum ekişi

Martyň ikinji ýarymynda toýunsow toprakly (diametri 6–8 sm, boýy takmynan 8 sm, uly hem bolup biler) küýzä 2–3 tohumdan ýerleşdiriň. Küýzeleri ýagty, ýöne çakdanaşa yssy däl ýerde goýuň (otag temperaturasy ýeterlik). Çakdanaşa ýokary temperatura bolýan däldir, şeýle bolanda ösümlik ýeri göçürilen mahaly temperatura sarsgynyna duçar bolmagy ahmal. Ösümligi maýyň 15-ine çenli kwartirada ösdüriň, soňra olary gönümel joýa oturdyň.

Kösükliler – noýba, nohut, soýa, ýer hozy (arahis, hytaý hozy)

Noýba, nohut, soýa öňünden şineledilmän gönümel ekin meýdanyna ekilýär. Arahis edil pomidor ýaly öňünden şineledilýär (ýokaryk serediň). Keselleriň we zyýan berijileriň ýaýramagy zerarly olar şol bir ýerde 3–6 ýyldan köp ösdürilmeli däldir.

Görnüş Ekiş Tohum ýygnaýyş möhleti
  möhlet çuňluk (sm) usul  
Çogdum noýba (tohum) 5.-6. 5 gämik aralygy 40×40 sm 7.-10.
Çogdum noýba (kösük) 5.-7. 5 gämik aralygy 40×40 sm kösük 6.-10.
Çyrmaşýan noýba 5. 6–8 gämik aralygy 80×80 sm 8.-10.
Soýa 1.-5.5. 4–5 40 sm aralykly hatarlarda, ösümlikleriň arasy hatarda 5 sm 9.-10.
Ýer hozy (arahis) öňünden şineletmeli 3.-4., şitili oturtmaly 5.; gowy hasyl üçin parnik ýa-da oranžereýa zerur; kwartirada ýygy-ýygydan hakyky ak düşme keseline sezewar bolýar 2 gämik aralygy 40×40 sm, toprak gowy howalandyrylmalydyr, şeýle ýagdaýda kösükler güllänsoň ýere ornaýarlar 8.-9.(-12.)
Merjimek 4.-5. 4 25 sm aralykly hatarlarda, ösümlikleriň arasy hatarda 5 sm 8.-9.
  • Agaçlar we gyrymsylar

Ekilişi edil birýyllyklaryňky ýaly, diňe ýekeje tapawudy bar. Aýaza çydamly gönüşleriň tohumlaryny doňdurmalydyr. Şonuň üçinem olary mart-aprel aýlarynda ekiň we mellegiň bir ýerinde ýa-da penjiräniň daş ýüzünde goýup, aýazyň we pes temperaturanyň täsiri ýeter ýaly ediň.

Aýaza çydamly däl görnüşleriň (kwartirada – akasiýa, ewkalipt, lawr, …) tohumlaryny edil birýyllyklaryňky ýaly edip ekiň we 20–25 oC töweregi temperaturada saklaň.

Ekişiň çuňlugy tohumlaryň ululygyna baglydyr. Ewkaliptiň maýda tohumlary gömülmeýär-de, topraga basylyp dykylýar. Galan ownuk tohumlar ýukajyk toprak gatlagy bilen gömülýär. Irimçik tohumlar (dub, zeýtun) 3–5 sm çuňluga ekilýär. Iri tohumlar (kaştan, hoz) 5–10 sm çuňluga ekilýär.

««« Öňki makala: Enaýy welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) – gadymy ösümlik ýetişdiriň

Ýekşenbe 20.12.2009 23:02 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.