Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Enaýy welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) – gadymy ösümlik ýetişdiriň

fotosurat Enaýy welwiçiýa ýa-da üýtgeşik welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) örän gadymy ösümlik bolup, ol häzirki wagtda diňe Atlantik okeanyň kenarýakasyndaky çölde, Namibiýada we Angolanyň günortasynda çaklaňja territoriýada ösýär. Bu agaç göräýmäne onçakly öwerlikli görünmeýär. Tutuş ösümlik tegelek kök baldakdan we 2 sany 2–4 metrlik işilen lentany ýadyňa salyp duran hemişe ösýän 2 sany ýaprakdan ybaratdyr. Şol sebäpli hem welwiçiýa üýşüp ýatan zir-zibile çalym edýär. Ýöriteläp aýdylanda, gürrüň pyntyk ýarýan, hemişe ösmekligini dowam etdirýän, guraýan we uçlary tüýdülip duran ýapraklar barada barýar.

fotosurat Şonuň üçinem welwiçiýa tutuş ömrüniň dowamynda (hatda miwe getirýän wagtynda) hemişe ösmekligini dowam etdirýär, bu bolsa ösümlikler dünýäsi üçin kadadan çykmadyr. Welwiçiýa iki öýli ösümlik we şol sebäpli hem tohum emele getirmek üçin iki sany ösümlik – erkek we urkaçy gerek bolýar. «Güller» ýapragyň düýbünden çykýan ýaly bolup gozalarda ýerleşýär (edil hwoýaly agaçlardaky ýa-da sagowniklerdäki ýaly). Urkaçy gozalar bişensoň pytraýar we ýeňiljek hem-de şemalda uçjak tohumlarynyň aglabasyny goýberýär. Filogenetik taýdan ol ösümlikleriň örän gadymy toparyna – hwoýalylaryň ýakyn urugdaşy bolan gnetliler maşgalasyna (Gnetophyta) degişlidir. Gnetliler maşgalasyna 3 dürli urug girýär: gnetumlar (Gnetum) – uly bitewi gyraly ýapraklary bar bolan lianapisint ösümlikler, efedra (Ephedra) – gyrymsy agaçlar we diňe welwiçiýanyň bir özi.

Welwiçiýanyň ady 1860-njy ýylda onuň üstüni açan slowen botanigi Fridrih Welwiçiň (Friedrich Welwitsch) hormatyna dakylypdyr. Ol Namibiýanyň gerbinde şekillendirilýär.

fotosurat

Çölüň adatdan daşary şertlerine welwiçiýa örän oňat uýgunlaşypdyr. Ol umuman ygala garaşly däldir, okeandan gelýän ümür oňa doly ýeterlik bolýar. Ony ösdürip ýetişdirmekde muny ýatda saklamak zerurdyr. Şowsuzlygyň esasy sebäbi hut çakdanaşa suwarmaklyk we soňra ösümligiň çüýräp başlamaklygy bolup durýar. Şonuň üçin hem tohumy çagylly we çägeli topraga ekmek zerurdyr (däneleiň iriligi 2–5 mm), sebäbi toprakda yzgar saklap bilmeýär, ösýän wagtynda tebigy suwasty daş bolup durýar. Welwiçiýa suwarylanda ýa-da iň gowusy suw pürkdürilende örän ägä bolmaly. Tohum ezileninden soň bir hepdäniň içinde şineleýär. Bu ösümligi diňe günorta tarapdaky penjiräniň öňünde ösdürmek bolýar. Ol ösýän mahaly sabyr-takatly bolmak hökmanydyr, ýagny ösümlik örän haýal ösýär, edil janly dinozawryň bar-da. Eger oňa ýeterlik gurak we ýagty ýer üpjün etseňiz, ol gürrüňsiz siz hakda aladalanar! :-)

««« Öňki makala: Nicotiana glauca temmäkisi – perspektiwaly balkon ösümligi Indiki makala: Tohumdan ösümlik ösdürip ýetişdirmek boýunça instruksiýalar »»»

Ýekşenbe 20.12.2009 11:07 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.