Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Nicotiana glauca temmäkisi – perspektiwaly balkon ösümligi

fotosurat

Gök temmäki ýa-da gök nikotiana

Adamzadyň täze bir zada bolan islegi adatdan daşary sabyr-takatsyzdyr. Islendik höwesjeň bagban öz bagynda nähilidir bir täze, henize bu güne çenli görlüp eşidilmedik hem-de hiç kimde ýok bir zat ösdürip ýetişdiresi gelýändir… Şonuň üçin hem gül bazary hemişe täzeligiň arzuwyndaky höwesjeň bagbanlaryň teşneligini gandyrmak üçin her ýyl köp sanly täzelikleri hödürleýär. Ýöne söwda üçin köpeldilýän täze ösümlikler tizden diňe adaty assortimente öwrülýär oturyberýär.

fotosurat

Gök temmäki ýa-da gök nikotiana

Soňky onýyllyklaryň täze gülleriniň iň uly mukdary itüzümler maşgalasyna (Solanaceae) degişlidir. Olaryň iň meşhurlary petuniýa, surfiniýa, million bellz (million bells) bolup durýar. Olaryň üstünliginiň syry tiz boý almaklygy, ir güllemekligi (tohumdan ösende 3 aýdan az wagtda, çybykdan köpeldilende bolsa olar ur-tut diýen ýaly gülleýärler), şeýle hem özgelere garanda ösüş şertlerine az nägilelik bildirmegi bolup durýar. Elbetde, olar has köp güneşli ýer talap etseler hem, has az ýagty we has salkyn ýerlerde-de özlerini oňat duýýarlar.

Emma biziň ülkelrimizde itüzümler maşgalasynyň ösümlikleri hemişe meşhurlykdan peýdalanyp bilmeýärler. Meselem, başda diňe bezeg hökmünde ýetişdirilen kartoşka bilen pomidory ýadyňyza salyň. Bu ösümlikleri azyk hökmünde hem ulanyp boljakdygynyň ilkinji alamatlary görülen mahaly, ilat muňa o diýen pitiwa hem etmändi. Emma basym olar şeýle bir ýaýrady welin, klassyky miweleri köp ýerden gysyp çykardylar we esasy azyk önümine öwrüldiler.

fotosurat

Şu sanda Günorta Amerikanyň adaty däl balkon agajy bolan gök temmäki (Nicotiana glauca) bilen tanyşdyrýarys. Biziň şertlerimizde ol çalt ösýän gyrymsy hatda adaty agaçdyr. Ol tohumdan gögerýär we eýýäm 2 aýdan gülleýär. Ýetişen ösümligiň gollary aýda 50–70 sm ösýär. Adyndan belli bolşy ýaly, ösümlik durşuna kümüşsöw gatlak bilen örtülendir. Şonuň üçin hem zerur bolmasa oňa degmeli däldigine üns beriň, sebäbi deglen mahaly gatlak aňsat aýrylýar we ösümlik betgelşik açyk ýaşyl reňke geçýär. Ýapraklaryň kümüşsöw ýumurtga çalymdaş şekilleri ujunda çürelýär. Şahalaryň ujunda 20–40 sany turba görnüşli sary gülleri bar bolan gül çogdamy ösüp çykýar. Olryň uzynlygy 3–3,5 sm we ini takmynan 0,5 sm barabardyr. Güllemekligiň başlangyjynda açyk ýaşyl zolakly açyk sary reňkde bolýar, sülleren mahaly bolsa goýy sary reňkde bolýar. Şu görnüşiň peýdasy solan reňkleriň öz owadanlygyny gorap saklamaklygy bolup durýar. Meselem, petuniýadan tapawutlylykda, hatda süllerensoň hem olar öz şekillerini saklaýarlar we uzak wagtlap ösümlikden gopman durýarlar.

Bu görnüşi ösdürip ýetişdirmek örän ýönekeýdir. Siz gök temmäkini kwartirada ýylboýy ösdürip ýetişdirip bilersiňiz, ony tomsuna balkonda ýa-da bagda goýuň. Siz ony çalt ösýän tohumlaryndan köpeldip bilersiňiz. Siz 2 aýyň içinde güllemäge ukyply ösümlik ýetişdirersiňiz (ýagny siz ony takmynan 15-nji maýa çenli balkonda goýjak bolsaňyz, onda ony martyň ortalaryna ekmeli bolarsyňyz). Bu ösümlik edil geran ýaly (ýöne gowy ýagty düşýän bolsa) kwartirada ýa-da has sowuk şertlerde hem gyşy geçirip bilýär. Gyşy geçirensoň şahalaryny takmynan ýarysyna çenli gysgaldyň we köp suwlap başlaň. Gyşy geçirensoň ol bir aý çemesi wagtdan gülläp başlaýar. Bu görnüşden öý agajyny edinmek hem örän aňsatdyr. Ol çybykdan köpelmeýär, sebäbi örän pes derejede kök urýar (emma munuň kän bir zeleli hem ýok, ol ýeňillik bilen tohumdan köpelýär). Temmäki kän bir iýmitlendirme talap edip durmaýar. Gül-pürçük bolup güllemekligi üçin ony balkon gülleriniň fosfora baý adaty dökünleri bilen dersläp bilersiňiz.

««« Öňki makala: Däne möjejiklerine garşy göreşeliň Indiki makala: Enaýy welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) – gadymy ösümlik ýetişdiriň »»»

Ýekşenbe 20.12.2009 09:00 | Print | Ekzotik ösümlikler, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.