Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Däne möjejiklerine garşy göreşeliň

Däne möjejiklerini megerem hiç kime tanyşdyryp oturasy iş ýokdur. Bu ownujak möjejikler (3–4 mm) aşhana kösükliler maşgalasyna degişli tas ähli zatlaryň arasynda bolýarlar.

Zyýan berijiler kösüklileriň ähli görnüşleriniň tohumynda ösüp ýetişýärler. Aslynda kösüklileriň her bir görnüşiniň özüne mahsus däne möjejigi bolýar: noýbada – noýba möjejigi, nohutda – nohut, merjimekde – merjimek, mäşde – mäş,…

Gemrip deşmek arkaly hüjüme sezewar bolan tohumlar hoňkaryp durýar. Uly möjejikler bolsa öz yzlarynda deşik galdyryp gidýärler. Ösümlikler eýýäm bakjadaky joýalarda hüjüme sezewar bolan hem bolsa, käbir görnüşler (meselem, noýba däne möjejigi) tohumlar saklanylýan mahalynda has köp zyýan berýärler (sebäbi olaryň bu ýerde has oňaýly ýaşaýyş şertleri bolýar).

Bagtymyza olara garşy göreşmek örän ýönekeý we netijeli bolup bilýär (netijelilik 100%!).

Bişen tohumly kösükleri ýyganyňyzdan soňra haýal etmän olary arassalaň. Tohumlary gözden geçiriň we eger olaryň arasynda nähilidir bir zeper ýeteni bar bolsa, şol wagtyň özünde olary ýok ediň (iň gowusy ýakyň).

Soňra tohumy (sellofan ýa-da mata) pakete guýuň we 48 sagatlap doňduryjyda goýuň.

Bu proseduradan soňra siz däne tomzajygyny ähli ösüş stadiýalarynda ýok edýärsiňiz. Tohumlary doňduryjydan çykaryň, kagyza ýerleşdiriň we otag temperaturasynda 2–3 günläp mazalyja guradyň. Soňra olary ekişe çenli paketde saklap bilersiňiz. Ýöne şeýle ýagdaýda saklanylýan tohumlar dükandan satyn alnan tohumlardaky däne möjejiklerleriniň hüjüm etmegine sezewar bolup biler.

Şol sebäpli hem iň gowusy olary hyrly gapakly bankada saklaň. Tohumlar doly gury bolmalydyr, ýogsam olar zeňläp başlaýarlar. Şeýlelikde, tohumlara däne möjejikleriniň çozmazlygyndan arkaýyn bolup bilersiňiz.

Däne mojejiklerine garşy göreşmek üçin siz sort hem saýlap bilersiňiz. Sebäbi däne möjejikleriniň halamaýan sortlary hem bolýar.

««« Öňki makala: Soganlyk we ösümlik ekişi Indiki makala: Nicotiana glauca temmäkisi – perspektiwaly balkon ösümligi »»»

Ýekşenbe 20.12.2009 06:54 | Print | Zyýan berijiler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.