Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Soganlyk we ösümlik ekişi

Satyn alyp poçta rkaly getirden ösümligiňizi (nahalyňyzy) gabyndan çykaryň we 2–3 günläp kölegelik ýerde goýuň. Ikinji bir mümkinçilik hökmünde olary bada-bat oturdyp, soňra bolsa iki günläp üstüni ýapyp goýuň (meselem kanselýariýa kagyzy, tagta). Şeýtseňiz olary gönümel gün şöhlesinden gorarsyňyz. Ýogsam siz olary güýçli gün şöhlesiniň täsirine sezewar edersiňiz.

Öňünden şineledilen ösümlikleri ekmek

Ösümligiň ölçegine görä çukur gazyň. Ösümligi küýzeden çykaryň (ösümlikler haltada sellofan paketlerde gaplanylgy bolan ýagdaýynda) we durşuna göneldip köküni aşak edäge-de çukura salyň. Çukura biraz suw guýuň we topraga siňişensoň, nahaly gömüň. Nobatdaky ösümlikleri hem edil şeýdip oturdyp çykyň. Joýalara we klumbalara oturdanyňyzdan soňra, nahallary suwaryň. Oturdanyňyzdan soň ilkinji günlerde nahaly gerek bolsa suwaryň, güýçli jöwzaly tomsuň epgeginde olary kölegeläň. 1–3 hepdäniň dowamynda ösümlik doly kök urar, şondan soňra olara edil mellekdäki beýleki ösümlikler ýaly idi-yssywat ediň.

Soganlyk we kluben ekişi

Ilki bilen soganlygy we klubeni (mundan beýläk umumy ady diňe soganlyk) oturtjak ýeriňizi gazyň. Ekäýjek wagtyňyz soganlygy kagyz gapjagazyndan çykaryň. Ýeterlik çuňlukda çukur gazyň (tablisa serediň) we wegatasion ujuny ýokaryk edip soganlygy ýerleşdiriň. Tersligine gömülen soganlygyň käbir görnüşleriniň çüýremekligi mümkin. Soňra soganlygy gömüň we topragy birazajyk demrikdiriň. Eger howa gurak bolsa, orturdanyňyzdan soň topragy gowy edip suwarmak zerurdyr. Eger siz, meselem tomsuň ortarasynda çigildem oturtsaňyz (saklara ýeriňiz bolmadyk ýa-da uzak wagtlyk gitmeli bolan halatyňyzda), onda olary suwarmak gerek däl. Soganlyklar dynjyny alar we ilkinji güýz ýagyşy bilen ösüp başlar.

Has ownuk soganlyklary, şeýle hem has gaty toprakda ösen soganlyklary has ýüzleý oturdyň. Ekişiň çuňlugy diýlip soganlygyň ujy bilen topragyň ýüzüniň aradaşlygy hasap edilýär!

Soganlyklar ýerden ýokarky bölekleri guran mahaly tomsuň yssy we gurak wagty hatda maý aýynda köwlenilip alynýar (bu gladiolusdan başga ähli soganlyklara degişlidir). Soganlyklaryň köp görnüşini (meselem, sarymsak, zagpyran, çigildem) köwlenenden soňra gurak ýerde güýze çenli saklamak bolýar. Beýleki görnüşleri, meselem liliýa, alahöwren sogany (muskari), hindi sogany (ptisemleçnik) we kupena, gurak ýerde saklamaklyk zyýanly bolup biler, hatda guramaklary hem mümkin. Soganlygynyň guramagyny halamaýan görnüşleri iň gowusy bir ýerden başga ýere göçürip saklamaly (olar gurak ýerde bir hepdeläp kesellemän durýar, ýöne özüm-ä şondan köp wagt goýmazdym).

Görnüş ekiş wagty ekiş çuňlugy – (sm)
2 sm çenli uly bolmadyk sarymsak – meselem: Allium carinatum, flavum, molly, oleraceum, scorodoprasum 7.-10. 5–8
10 sm çenli iri sarymsak – meselem: Allium giganteum, karataviense, nigrum 7.-10. 10–15
Colchicum – güýzki bezwremennik 8. 15
Crocus – ýazda gülleýän sorty (Crocus chrysanthus, Crocus vernus) 10. 9
Crocus – güýzde gülleýän sorty (Crocus sativus) (7.-)8. 9
Gladiolus – gladiolus, ýylangül (bag sorty) 4.-5. 10 (maýda 5)
Gladiolus – gladiolus, ýylangül (ekzotik botaniki görnüşler) 9. 5–8
Lilium candidum – Ak liliýa 8. 3
Lilium – Liliýa, başga görnüşler 9.(-10.) 5–15 sorta laýyklykda
Muscari – muskari, alahöwren sogany, syçan sünbüli 7.-10. 8–10
Narcissus – nerkes 8. 10
Ornithogalum umbellatum – Saýawanly ptisemleçnik 7.-10. 10
Polygonatum – Kupena 8.-10., 2.-3. 10
Uly bolmadyk soganlykly uzyn däl çigildemler, meselem: Tulipa chrysantha, tarda, saxatilis, turkestanica, urumiensis 10. 10
Uzyn çigildemler – Greýtiň çigildemi (Tulipa gregii), Fosteriň çigildemi (Tulipa fosteriana), Kaufmanyň çigildemi (Tulipa kaufmanniana) we bag gibridleri 10. 12–14

Liliýanyň soganlyk gabygyndan köpelmegi

fotosurat

Liliýanyň soganlyk gabygyndan köpelmegine mysal

Liliýany köpeltmegiň iň bir ýönekeýje usuly soganlyk gabygy arkalydyr.

Soganlyk gabygyny iň gowusy süýri formaly guta (ahyr ýaly) 1–2 sm çuňlukda (=gabygyň üstündäki topragyň galyňlygy) oturdyň we ony ortarada ýerleşdiriň, gündizki temperatura 25–30 °C, gijeki bolsa 22 °C töweregi bolmalydyr (gije has pes hem bolup biler, esasy gündizki temperaturanyň ýokary bolmagydyr) (meselem: oranžereýa, teplisa, kwartiranyň penjiresi). Toprak guraksy bolmalydyr. Şu şertlerde gabygyň aşaky böleginde täze soganlyklar öňkä görä has çalt emele gelýär. Bir gabykda 1–3 aýyň dowamynda 1 sm çemesi ululykda 2–3 sany soganlyk emele gelýär. Eger gabyklar iýulyň aýagynda ýygylsa we oturdylsa, onda sentýabryň birinji ýarymynda olary ýygyp, klumba 2 sm çuňlukda oturdyp bilersiňiz. Takmynan 4 sm aralyklar bilen ýeke soganlykly bir gabykdan oturdyp çykyň. Klumbada 4–6 ýyl ösensoň güllemäge ukyply aňrybaş soganlyklar alarsyňyz.

Sogan düýpli ösümlikleriň ekişi

Sogan düýplüleriň birnäçe görnüşi tohum arkaly örän tiz we netijeli köpelip bilýär. Tohumy mart-aprel aýlarynda gönümel topraga ýa-da taýýar küýzelere 0,5–1 sm çenli çuňlukda ekiň. Birinji ýyl olary göçürmäň, şol bir ýerde saklaň. Käbir görnüşleriň eýýäm indiki ýyl güllemegi mümkin. Görnüşleriň aglabasy ekileninden 2–5 ýyl soň gülleýär. Kada bolşy ýaly, ownuk görnüşler irilere seredeniňde, has ir gülleýärler.

««« Öňki makala: Gelşikli ik şekilli alma ýetişdirmek Indiki makala: Däne möjejiklerine garşy göreşeliň »»»

Şenbe 19.12.2009 07:55 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.