Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Gelşikli ik şekilli alma ýetişdirmek

Bazar ykdysadyýeti özi bilen birlikde köp özgerişlikleri-de getirdi. Olardan biri-de, önümçiligiň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen oba hojalyk önümçiliginiň pugtalandyrylmagydyr. Bagbançylykda ekin meýdanlaryny has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu güýçlendirme uzyn boýly we gyrymsy agaçlardan has pessejik görnüşlere geçmekligi aňladýar. Has pes boýly agaçlary ösdürmegiň köp peýdalary bar, ol işlemegi ýeňilleşdirýär we miwäniň hilini täze derejä çykarýar. Pessejik alma agaçlaryna “gelşikli ik”, “aşa gelşikli ik”, “gün oky” (solar axe) we beýlekiler degişlidir. Olardan has perspektiwalysy we köp ulanylýany “gelşikli ik” şekilli agaçdyr.

“Gelşikli ik” iri önümçilik, şeýle hem baglar üçin niýetlenip ösdürilýän şekil bolup durýar. Häzirkizaman adaty we gyrymsy agaçlarynyň köpüsi hut şu şekilde ösdürilýär. Ol galapyn almalarda we armytlarda ulanylýar, ýöne ony miweleriň beýleki görnüşlerinde-de (çereşnýa, garaly, smorodina, şetdaly we ş.m.) ulanmak bolýar. “Gelşikli ik” kronaly alma agajy maksimum 2,2 – 2,5 metre çenli ösdürilýär. Bu beýiklik idegiň we hasyl ýygnamaklygyň ýönekeýje bolmaklygyna şert döredýär. Dogry ideg edilende miweleriň iň bolmanda 80%-ini ýerde durup ýygmak bolýar. Çäkli aradaşlyk ulanmak arkaly agaçlary ýygjam ekip bolýar, aslynda agaçlaryň arasyndaky aradaşlyk hatarda 0,8 – 1,2 m barabardyr, hatarlar ulanylýan mehanizasiýa baglylykda bir-birinden 2,5 – 3,5 m daşlykda ýerleşýär. Bu her gektarda 3000–3500 düýp agaç ekmeklige mümkinçilik berýär. Olary şeýle ýygjam ekmek üçin, gowşak ösýän peýwentlerde ýa-da maksimum ortaça ösýän peýwentlerde ösen nahallary oturtmak zerurdyr. Alma agajynyň standart peýwendi M9 bolup durýar, başga peýwentler hem bar, mysal üçin: J-TE-E, F, G, H, J-OH-A, M27, MM106. Gowşak ösýän peýwentler hem-de olaryň maýda /takmynan 30–40 sm çuňlukdaky/ kök ulgamy bilen söýget konstruksiýasynyň gurulmak zerurlygy we suwaryş ulgamynyň gurluşygy baglanyşýandyr. Akasiýa reýkalaryndan ýa-da beton sütünlerden ýasalan konstruksiýa standartdyr, olar 60, 120 we 180 sm beýiklikde polat simleriň üç hatary bilen çekdirilýär. Bu konstruksiýa agaçlaryň agdarylmagynyň öňüni almaklyga niýetlenilendir, şeýle hem ol formirlenýän mahallary ortaky şahalar bilen kronany, mundan hem başga almalary ýaýrap duran sütünleri daňmak üçin ulanylýar. Suwarmak üçin esasan damjaly suwaryş ulanylýar, ol örän netijeli, ol köke gönüden-göni täsir edýär we onuň kömegi bilen agajy goşmaça dökünläp bolýar. «Gelşikli igiň» esasy artykmaçlygyny birnäçe punktda jemläp bileris:

  • ýönekeý ideg – klassyky forma bilen deňeşdireniňde minimal pudarlaýyş, ýerden ýygyp bolýar, has ýönekeý, ýöne iň esasy zat has netijeli gorag,
  • bol hasyl – şeýle kronaly agaçlardan 40–50 t/g, käbir sortlarda bolsa, has ýokary hasyl almak mümkindir,
  • miweleriň ýokary hili – şu şekili emele getirýän iň amatly ýagtylyk şertleriniň kömegi bilen, miweler has doýgun reňk alýarlar, has endigan bolýar, has gowy bişýär, düzümindäki maddalaryň gatnaşygy has gowy bolýar,
  • tiz miwe getirmek – gowşak ösýän we krona formirleme usuly netijede miwe düwmekligi has çaltlaşdyrýar. Ýygjam agaçlar eýýäm birinji ýylynda miwe düwýär. Doly miwe getirmeklik 3–4 ýyldan başlaýar.
  • maliýe serişdeleriniň ýokary netijeliligi we gaýtarylyp bilinmegi.

Ekilýän material hökmünde biz birýyllyk ýa-da ikiýyllyk ösümlikleri ulanýarys. Olar ýönekeý golçur şekilinde bolup biler ýa-da eýýäm irki golçurlary bardyr. Biz olary klassyky usul bilen oturdýarys, söýgedi diňe nahalyň düýbünden etmelidir. Oturdylandan soň peýwent edilen ýer ýerden iň bolmanda 10 sm ýokarda bolmalydyr. Şeýdip peýwendiň gerekli gowşak täsirini gorap saklaýar, şeýle hem sorty üýtgetmek howpundan gaça durýarys.

Agajyň kronasy kesilende we formirlenende biz agajyň ahyrky şekili barada oýlanmalydyrys, ol diňe agajyň kronasy dogry ideg edilip formirlenende şol agajyň daýanýan boý we hasyl getirijilik fiziologik ýörelgelerini doly ulanmaklyga mümkinçilik berýär. Bu ýerdäki maksat agajyň kronasynyň karkasynyň galan şahalarynyň ýerleşýän azda-kände dogry spiral görnüşli 2–2,5 m beýiklikde sütün ösdürmeklik bolup durýar. Olarda miwe getirýän golçur ýerleşýär. Karkasyň şahalarynyň ösmegine düýbünden ýol bermäň. Bu güýçli ýagdaýda agajyň deňagramlylygyny, onuň esasy şekilini bozýar, bu bolsa ýokumly maddalaryň gereksiz bölünmegini we güýçleriň bigerek paýlanylmagyny aňladýar. Agaç öz tutuş ömrüniň dowamynda günüň ýagtysyny almak üçin iň amatly şert döredýän öz piramide çalymdaş şekilini gorap saklamalydyr.

Esasy pudarlaýyşa sütüniň takmynan ýerden 80–90 sm ýokardan kesilmegidir. Eger-de çybykda eýýäm irki golçur bar bolan halatynda, biz ony kesmeýärisem, gysgaltmaýarysam, agajyň umumy ýagdaýyna we berkligine baglylykda sütüni iş soňky şahanyň takmynan 30–40 sm ýokarysyndan kesýäris. Iň ýakyn wegetasion wagtda agaç ýokarky 30 sm bölekde täze şahalar emele getirýär, olar hem geçen ýylky ýaly gyşda kesilip aýyrylýar. Sütüni iň beýikdäki şahalanmanyň 30–40 sm ýokarsyndan kesýäris, şahalary gysgaltmaýarys. Zeper ýeten we päsgel berýän şahalary doly kesip aýyrýarys. Gerekli boý alynýança her ýyl şeýle edýäris. Ýetişen agaçda diňe arassalaýjy pudarlaýyş geçirýäris, şeýdip artykmaç şahalary aýyrýarys, pudarlamak bilen agajyň sütünini aşakda ýerleşýän şahalaryň deňine gysgaldýarys, keselli we zeper ýeten, şeýle hem päsgel berýän şahalary we peýwent şahalaryny aýyrýarys. Şahalary gysgaltmazlyk möhümdir. Bu islenilmeýän şaha ýaýratmaklyga, şahalaryň ýognamaklygyna we ýokumly maddalaryň yzyna çykyp miwelere zeper ýetirmekligine getirip biler.

Galan idi-yssywat bolsa edil beýleki agaçlaryňky ýalydyr. Dökünlemek, suwarmak, kesellerden we zyýan berijilerden goramak möhüm bolup durýar, şeýle hem miweleriň hili üçin sortirowka etmeklik hökmanydyr. Sortlaryň wekilçiligi barada aýdylanda bolsa, aslynda, biz ähli sortlardan peýdalanyp bileris. Emma aýratyn sortlaryň spesifik talaplary nazara alynmalydyr. Meselem, ekiş wagtynda beýik agaçda /Rubin, Rubinola, Bohemiýa, Mohemiýa Gold we şm/ miwe getirýän sortlaryň her birini aýratynlykda çemeleşilmelidir. Olar giň krona emele getirýär we şahalary selçeňletmegä meýilli bolýar. Şol sebäplem olaryň ösüşini haýallatmaga we hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen irki tomusky pudarlaýyş we beýleki işler üstünlikli berjaý edilýär.

Çeşme: Komžík, M. (2002): Alma agajyny gelşik ik şeklinde ösdürmek. Biziň ösümliklerimiz 1/2002. toplum 3. KPR Slowakiýa.

««« Öňki makala: Orulan oty näme etmeli? Indiki makala: Soganlyk we ösümlik ekişi »»»

Şenbe 19.12.2009 06:52 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.