Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Orulan oty näme etmeli?

Orulan oty näme etmeli? Eger siz owadan pessejik gazony halaýan bolsaňyz, onda ony ýygy-ýygydan orýansyňyz. Emma ýygy-ýygydan orulanda, orulan ot köp üýşýär, bu bolsa size (eger siz ony üýşürmeýän bolsaňyz) diňe päsgel berýär. Şonuň üçin meniň köp sanly bagban tanyşlarym ony zyňýarlar. Men diňe kellämi ýaýkap geň galýaryn, olar näme üçin iň arzan döküni isrip edýärler.

Orulan oty mulçirlemek diýlip atlandyrylýan iş üçin ulanmak bolýar. Bu toprak üçin bezeg we peýdaly ösümlikleriň ýanynda organiki materialdan (orulan ot, kompost, sosna gozasy) edilen düşekdir. Mulçirlemek suwuň çakdanaşa köp bugarmagynyň öňüni alýar, topragyň oňaýly çyglylygyny uzak wagtlap saklaýar, we peýdaly mikroorganizmler üçin amatly mikroklimat döredýär. Şeýle hem, ot düşek bilen topraga, ösümlikleriň ýeňil özleşdirýän ýokumly maddalary bölünip çykýar. Pomidorlaryň we badamjanlaryň ýanynda mulçirleýiş geçirilende miweleriň ýarylmagynyň öňüni alýar. Orulan otdan ýa-da bişmedik kompostdan edilen düşek bilen smorodinanyň we kryžownigiň, bu ýyl has uzak wagtlap dowam eden guraklyk döwründe düşmekleriniň öňüni alyp bilersiňiz. Sosna gozalarynyň ýokumlylyk aýratynlygy ýokdur, olar diňe köpçülik ýerlerinde – seýilbaglarda, öýüň öňünde, howluda… mulçirleýiş geçirmek üçin ulanylýar.

««« Öňki makala: Pepino ýetişdireliň Indiki makala: Gelşikli ik şekilli alma ýetişdirmek »»»

Anna 18.12.2009 09:51 | Print | Gazon

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.