Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Pepino ýetişdireliň

Pepinonyň (botaniki ady Solanum muricatum) dogduk mekany Peru ýa-da Kolumbiýa bolmagy ahmal. Bu ýerlerden ol bütin Latyn Amerika we hatda onuň çäklerinden daşarda-da ýaýrapdyr. Häzirki wagtda ony iň köp Boliwiýada, Ekwadorda we Täze Zelandiýada ösdürýärler.

Pepino Ýewropa takmynan 1785-nji ýylda getirildi. Onuň köpeldilmegi bilen meşgullanan ilkinji ýewropalylaryň arasynda Lýudwik XVI, şeýle hem Kýudaky (Kew) (Londonda) britaniýa korollygynyň bagbançylyk jemgyýeti hem bar.

Günorta Amerikanyň indeýleri ony kaçuma (cachuma) diýip atlandyrýarlar. Bizde onuň ispan dilindäki adyna öwrenişilipdir. Ol terjime edilende işdäaçar hyýary diýmegi aňladýar. Iňlis dilindäki ady melon shrub gawun düýbi diýmegi aňladýar. Bu onuň tagamynyň nähilidigini görkezýär.

Pepino gyrymsy agaç bolup, boýy 1 metre çenli ösýär. Öz watanynda pepino deňiz derejesinden 2500 metr ýokarda ösdürilýän köpýyllyk gyrymsy agaçdyr. Bizde ol birýyllyk ösümlik ýaly ösdürilýär. Onuň gülleri kartoşkanyň gülüne meňzeş bolup, melewşe ýa-da melewşe çyzykly ak reňkde bolýar. Bu ösümlik iki jynsly bolsa-da, hasyllylygynyň ýokary bolmagy üçin goşmaça tozanlandyrmak maslahat berilýär (esasan-da oranžereýalarda).

Höwesjeň bagbanlar üçin iň gyzyklysy miweleridir. Olaryň daşky formasy awokado (ullakan armyda) meňzeş, takmynan 15 sm ululykda bolýar. Olaryň hoşboý ysy, süýjümtik tagamy, köplenç sary, sarymtyl, goýy-melewşe çyzykly we çigitsiz bolýar. Iýmit görnüşinde çigligine, şeýle hem, buglanan, gowrulan görnüşde ulanylýar.

Miweleri çigligine, şeýle hem miwe işdäaçary görnüşinde ulanylýar (dogralan dürli miweler, limon suwy bilen jazlanan, ony taýýarlamak üçin siz esasan ýerli we egzotiki görnüşlerini ulanyp bilersiňiz). Buglanan pepino köplenç garnir hökmünde ulanylýar. Gowrulan pepino ikinji nahar hökmünde gowy bolýar.

Eger pepino tagamsyzdyr öýtseňiz, ony adatça ulanylýan jazlar (dalçyn, badýan, anis; limon, nar ýa-da maraku suwy, soňky 2 görnüşiň miwelerini, biziň import harytlarymyzyň sanawynda hödürlenýän tohumlardan özüňiz ýetişdirip bilersiňiz) bilen jazlap bilersiňiz. Eger sizde miwe galan bolsa, ony öý şertlerinde konserwirläp bilersiňiz (aýratyn ýa-da beýleki görnüşler, mysal üçin pomidor, papirka ýa-da miweler bilen bilelikde).

Pepino islendik tropiki gök-önümler bilen deň derejede toprak talap edýär (mysal üçin papirka, pomidor). Ilki bilen toprak ýeňil, toprakly, iýmitlendiriji we hemişe yzgarly bolmaly. Tejribe üçin ösdürilende onuň gara folgaly toprak bilen ýapylan 40 litrlik (bir ösümlik üçin) gapda oturdylanda iň köp hasyllylyk alyp bolýandygy belli boldy (ýyllyk takmynan 40–45 miwe).

Pepino pomidor ýaly ýetişdirilýär. Wegetasiýa wagtynda hepdede bir gezek dökün dökmeli. Iň gowy täsir edýän Harmavit (ol islendik bagbançylyk harytlary satylýan dükanda satylýar) dökünidir. Bu dökün göni topragyň özüne ýa-da ýapraklara dökülýär. Ol takmynan 15 sm uzynlykdaky çybyklaryndan köpelýär. Olary fewral-mart aýlarynda saýlamaly. Has çalt kök urmagy üçin olary ösüş stimulýatory bilen işläp bilersiňiz. Soňra olary oranžereýadaky ýa-da öýdäki guma oturdyň. Olar bir aýyň dowamynda kök urýarlar. Ýaş ösümlikler kök urandan üç aý soňra, güllemäge başlaýar. Şeýle hem pepino tohumdan köpelip bilýär. Ýöne bu usul amatly bolmaýar, sebäbi ösümlik gaty az tohum çykarýar. Mundan başga-da, miweleriniň hili pes bolýar.

Pepino bu maşgalanyň görnüşleriniňki (pomidor, papirka) ýaly keseller bilen keselleýär we zyýan berijilerden ejir çekýär. Muňa esasan-da kartoşka heňi Phytophthora infestans degişlidir. Onuň garşysyna Kuprikol 50 (0,6 % konsentrasiýada, ýagny 10 litr suwa; miweleri iýmit hökmünde ulanmaly däl möhleti 7 gün) ýa-da Dithane M 45 (0,2 % konsentrasiýada, ýagny 20 litr suwa; miweleri iýmit hökmünde ulanmaly däl möhleti 21 gün) ulanyp bilersiňiz.

Gyşyna pepino ýyly ýerde ösdürilmeli (oranžereýada, öýde we ş.m.). Temperatura 5 Cº-dan pes bolmaly däl. Ýazyna ene ösümliklerden kökletmek üçin çybyklary saýlaň, könelerini bolsa ýok ediň, sebäbi olary ösdürmek peýdasyz bolýar.

Pepinony öz teklibime girizmekligi meýilleşdirmeýärin, sebäbi bu görnüş bizde eýýäm köp satylýar we bu siziň üçin gyzykly bolmaz. Mundan başga-da, pepinonyň bahasy amatly, ortaça 1 ýewro.

««« Öňki makala: Mangony tohumlaryndan ösdürip ýetişdirmek Indiki makala: Orulan oty näme etmeli? »»»

Anna 18.12.2009 08:50 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.