Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Kalimantan mangosy, Kasturi (Mangifera casturi)

Kalimantan mangosy (Mangifera casturi) ýa-da Kasturi, ony ýerliler şeýle atlandyrýarlar. Bu takmynan 10–30 m uzynlygyndaky tropiki agaç bolup, Günorta Borneoda (Indoneziýa) ýerleşýän Banjarmasiniň töweregindäki örän kiçijek sebitde ösýär. Häzirki wagtda bikanun ýygylýandygy üçin tebigatda bu ösümligiň tohumy gutardy. Şeýle-de bolsa ol henizem süýji miweleri üçin ösdürilip ýetişdirilýär.

Kalimantan mangosynyň (Mangifera casturi) miweleri mangonyň beýleki görnüşlerine garanyňda kiçiräk bolýar. Her bir miwäniň agramy takmynan 50–84 grama çenlidir. Bişmedik miweleriň reňki ýaşyl bolup, bişende goňur ýa-da melewşe-gara reňkde bolýar, ýüzi ýalpyldaýar we köplenç melewşe öwüşginli bolýar. Reňkleriň gammasy Kasturi mangosynyň (M. casturi) sortlaryny hem kesgitleýär. 3 sany hasaba alnan sorty bar: Mangifera casturi Kasturi (Kasturi), Mangga Kuban (Mangga Cuban) we Pelipisan (Pelipisan). Olardan ýakymly ysy bilen iň giňden ýaýrany Kasturidir (Kasturi). Mangga Kuban (Mangga Cuban) we Pelipisan (Pelipisan) köplenç aýratyn sortlara degişli edilýär. Muňa garamazdan Pelipisanyň (Pelipisan) Kasturi ýaly ýakymly yslysy hem bolýar. Bu onuň, Kasturiniň (Kasturi) gibrididigini aňladýar. Onuň statusyny kesgitlemek we bellemek üçin entek hem köp gözlegleri geçirmek gerek.

Miweleriň eti mämişi reňkde, strukturasy bolsa, süýmli we ajaýyp süýji ysly bolýar. Kasturi bilen deňeşdirilende (Mangifera indica), Kasturiniň süýjüsi ondan az, ýöne ýiti we ýumşak ýakymly ysly bolýar. Kasturiniň eti örän köp damarjykly bolýar.

Kasturi Günorta Borneonyň ilatynyň arasynda, şeýle hem goňşy sebitlerde örän giňden ýaýrandyr. Miweleriniň ysy şeýle bir ýakymly welin, ol hakynda şeýle gadymy aýdym hem bar: “Seharum kasturi, seindah pelangi, semuanya bermula.”, manysy şeýle: “O, Kasturi ýaly ýakymly ysly, älemgoşar ýaly owadan. Bu söýgi öz syýahatyna başlaýar.”

Bu görnüşiň bikanun ýygylmagy onuň tebigatda ýitip gitmegine sebäp boldy. Ýetişen kalimantan mango agaçlary, agaçlarynyň köpdügi üçin ýygylmak howpy astyndadyr. Agaçlar köplenç ýerli ýaşaýyjylar tarapyndan az maşşabe çagalar baglarynda ýa-da kiçi hojalykda ösdürilip ýetişdirilýär.

Çalt ösýän tropiki miweli agaçlardan tapawutlylykda Kalimantan mangosyny, haýal ösýändigi üçin Indoneziýada uly plantasiýalarda ekmeýärler. Kalimantan mango plantasiýalaryna diňe Mataraman sebitinde (Banjar we Banjarmasin etraplarynda, bular aýratyn etraplardyr) duşmak bolýar. 1980-nji ýylda Mataramanyň ýaşaýjylary Kalimantan mangosyny kiçi masştabda ekip gördüler. Onuň ilkinji miwelerini 2005-nji ýylda ýygyp başladylar. Miweleriň köp getirendigine garamazdan, ol talaplary kanagatlandyrmaga ýetmedi.

Kalimantan mangosynyň diňe miwelerini we agajyny ulanmak bilen çäklenilýär. Banjarlar (Günorta Borneonyň içerki etraplarynyň we kenarýakasynyň ýerli etniki topary) ýetişen agaçlaryň göwresiniň diametriniň 1 metre ýetýändigine garamazdan, onuň diňe miwesini ulanmaga meýilli. Şonuň üçin olar şol bir ýa-da ondan has ýokary hilli agaç öndürmek üçin agaçlaryň beýleki görnüşlerini saýlaýarlar.

Miweleri ýygmak aňsat düşmeýär, sebäbi Kasturi agaçlary örän beýik bolansoň we agaja dyrmaşmaly bolýar. Ýere gaçan miweleriň hili pes bolýar.

Miweleri täzeligine ýa-da Kasturi mürepbesi görnüşinde ulanmak bolýar. Ýöne bu miwe köp satylmaýar, sebäbi ony fermerleriň özleri ulanýar. Mangodan taýýarlanýan başga önümler hem bar: pýure, konfitýur ýa-da dodol (milli köke). Ýöne bu önümleri tapmak örän kyn, sebäbi olara örän köp isleg bildirilýär we olar banjarlaryň söýgüli miweleridir. Miwäniň bahasy hem örän gymmat bolýar, ýöne banjarlar üçin bu miwe datly tagamy bilen öz bahasyna degýär!

««« Öňki makala: Kolorado tomzagyna garşy NOVODOR FC Indiki makala: Mangony tohumlaryndan ösdürip ýetişdirmek »»»

Çarşenbe 16.12.2009 07:14 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.