Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Kolorado tomzagyna garşy NOVODOR FC

Kolorado tomzagyny (Leptinotarsa decemlineata) hiç kime tanatmak gerek däl. Ony kartoşka zyýan beriji hökmünde islendik adam bilýär. Ony „himiki“ usul ulanmazdan ýok etmek mümkin däl.

Emma häzirki wagtda biologiki preparatlaryň bardygyny we olaryň saýasynda tomzagyň şeýle bir gorkunç däldigini köpler bilmeýär.

Ol nireden peýda boldy

Kolorado tomzagy Ýewropa Demirgazyk Amerikadan getirildi. Ilki başda ol diňe Kordilýer prowinsiýasyndaky kiçi territoriýada ýaşady. Şol ýerde ol ýabany itüzümiň ýapraklaryndan iýmitlendi. Haçan-da kartoşka (botaniki ady Solanum tuberosum) Amerikanyň ähli ýerinde ýetişdirilmäge başlananda kolorado tomzagy ýabany itüzümden oňa geçdi. Häzirki wagtda kartoşkanyň saýasynda ol dünýäniň hemme ýerine diýen ýaly ýaýradyldy.

NOVODOR FC – üçünji müňýyllygyň troýan atymy?

Novodor FC -iň düzüminde Bacillus thuringiensis ssp. tenebroinis bakteriýasynyň 2 % proteini bar. Bu bakteriýa diňe ýaprak iýijiler maşgalasyndan (Chrysomelidae) bolan tomzaklaryň liçinkasyny ýok edýär. Höwesjeň bagbanlaryň nukdaýnazaryndan bu esasan ýaprak iýiji tomzaklara (bezeg agaçlaryna we gyrymsy agaçlara – dagdan agajyna, olha, werba zyýan berýär) we kolorado tomzagyna degişlidir.

Preparat agzalan görnüşleriň liçinkalarynda kesel döredýär. Liçinkalar işlenen ýapraklary iýenlerinden soňra iýmitlenmeklerini bes edýärler we 2–5 günden ölýärler. Preparat beýleki mör-möjekleriň liçinkalary üçin zyýansyzdyr. Preparat ulanylandan soňra ösümlikde-de, toprakda-da zyýanly galyndylar galdyrmaýar. Ol diňe liçinkalara täsir edýär we uly mör-möjekler üçin zyýansyzdyr. Şonuň üçin ol diňe ýaş liçinkalar üçin ulanýar.

Preparatyň has netijeli bolmagy üçin liçinkalar intensiw ýagdaýda iýmitlenmeli, ýapraklar bolsa ýokarsyndan we aşagyndan sepilen suwukluk bilen örtülmeli. Şonuň üçin suwuklygy diňe şemalsyz howada, 15 Сº-dan ýokary bolmadyk temperaturada sepmeli. Eger sepeniňizden soňra 12 sagadyň dowamynda ýagyş ýagsa, gaýtadan sepiň.

Preparat şeýle hem kiçi gapda, 100 ml-lik plastiki çüýşelerde, takmynan 3 ýewrodan satylýar.

Bu bakteriýanyň beýleki görnüşleri kelem kebeleginiň we plodožorkanyň (preparat Biobit FC), şeýle hem çybynlaryň bakteriýalaryny (bizde satylmaýar) ýok edýär.

Hezil ýeri: Işlenen ösümliklere suwuklyk sepen badyňyza iýmit hökmünde ulanmak bolýar!

««« Öňki makala: Hytaý çaý agajy – öz çaýyňyzy özüňiz ýetişdiriň! Indiki makala: Kalimantan mangosy, Kasturi (Mangifera casturi) »»»

Sişenbe 15.12.2009 10:13 | Print | Zyýan berijiler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.