Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Mör-möjek iýiji ösümlikleriň tohumlaryny ekmegiň instruksiýasy

fotosurat

Pinguicula balcanica

Mör-möjek iýiji ösümlikleriň tohumlary gögerijiligini örän gysga wagt saklaýar. Bir ýyldan soň köp görnüşleriň tohumlarynyň gögerijiligi örän peselýär. Şonuň üçin bu ösümlikleriň tohumlary alnan badyna ekilmeli.

Ekmek üçin iki gap taýýarlaň. Biri azyndan 10×15×10 sm ululykda (uzynlygy x ini x boýy), ikinjisi bolsa ondan 10 sm uly bolmaly. Gaplaryň ulusy deşiksiz bolmaly we aýna ýa-da plastiki, aňyrsy görünýän gapak ýapar ýaly mümkinçiligi bolmaly. Kiçi gabyň aşagynda suw berer/akdyrar ýaly 1 sm kiçi bolmadyk diametrli azyndan 3–5 sany deşik bolmaly. Ullakan gabyň yarysyna çenli suw guýuň we ondan özboluşly akwarium ediň. Kiçi gaba torfly toprak döküň, şeýle hem arassa çäge-de ulanyp bilersiňiz. Soňra çyglanan topragyň ýüzüne tohumlary deň derejede sepiň. Soňunda ekiş materialyny tutuşlygyna, suw kiçi gabyň beýikliginiň ýarysyna ýeter ýaly edip, ullakan gabyň içine goýuň. Soňra diňe garaşmak gerek – tohumlar 1 aýyň dowamynda topragyň ýüzünde gögerip başlaýar. 3–6 aýdan soňra siz olary bir-birden alyp, aýratyn küýzelere geçiriň.

Topragyň ekişden öň işlenmegi

Ekmezden öň topragy zyýansyzlandyrmaly. Eger siz çäge ulanjak bolsaňyz, onda ony suwda 10 minutlap gaýnadyň, torf ulanjak bolsaňyz üstüne gaýnag suw guýup sowaýança garaşyň. Şeýlelikde siz, tohuma zyýan berip biljek heňlerden we kömeleklerden, şeýle hem tohumy basjak haşal-otlardan arassa bolan zyýansyzlandyrylan topragy alarsyňyz.

««« Öňki makala: Sowuga çydamly palma (oklukirpi palmasy) Rhapidophyllum hystrix Indiki makala: Hytaý çaý agajy – öz çaýyňyzy özüňiz ýetişdiriň! »»»

Duşenbe 14.12.2009 22:08 | Print | Ekzotik ösümlikler, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.