Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Sowuga çydamly palma (oklukirpi palmasy) Rhapidophyllum hystrix

Rhapidophyllum hystrix palmanyň dünýäde iň sowuga çydamly we şonuň bilen birlikde köp tipli Rhapidophyllum maşgalasynyň ýeke-täk görnüşidir. Tebigatda ol ABŞ-nyň günorta-gündogaryndaky batgalyklarda duş gelýär. Bu palmany özüniň sowuga we – 20 °C-a çenli aýaza çydamlylygy sebäpli, bizde-de daşarda ösdürip bolýar. Onuň ýene-de şunuň ýaly gowy aýratynlyklar bar: boýy gaty uzyn däl (1–3 metr) we özüne çekiji gür tikenli göwresi bar.

Agajyň türkmen dilindäki ady oklukirpi palmasy (oklukirpi palmasy) latyn dilindäki – Rhapidophyllum = „iňňeli ýapraklar ", hystrix = "oklukirpi“ adyndan gelip çykýar.

Biziň şertlerimizde palma ýetişdirmek kyn däl. Tohumlary, palma ýetişdirmek instruksiýasyna laýyklykda, palmanyň tropiki görnüşleri ýaly ýokary temperaturany talap etmeýändigini göz öňünde tutup ekiň. 20 °C-a golaý temperatura doly ýeterlik bolýar. Ilkinji üç ýylyň dowamynda palmany daşarda diňe tomsuna ösdürmek maslahat berilýär, gyşyna ony içerde položitel temperaturada ösdürmek amatly. 3 ýyldan soňra palma, biziň gyşymyza çydajak derejede ulalýar. Şonuň üçin ony otly ýere oturdyp bilersiňiz. Beýleki sowuga çydamly palmalar ýaly oňa suwy we howany gowy geçirýän toprak we esasan hem günorta ýapgyt gerek. Gyşyna palmanyň iň uly duşmany aýaz däl-de topragyň artykmaç çyglylygy we şol sebäpli kökleriniň çüýremegidir. Umuman palma – 15–20 °C temperatura arkaýyn çydaýar. Palmanyň bu görnüşiniň çydap bilýän iň pes temperaturasy –28 °C.

Sowuga çydamly palmalaryň satuwý

««« Öňki makala: Pinus kesiya sosnasy Indiki makala: Mör-möjek iýiji ösümlikleriň tohumlaryny ekmegiň instruksiýasy »»»

Ýekşenbe 13.12.2009 08:06 | Print | Palmalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.