Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Pinus kesiya sosnasy

Pinus kesiya sosnasy, öz watanyndan başga ýerde seýrek ösdürilýän aziýa sosnasynyň çalt ösýän görnüşidir. Onuň boýy 30–35 metre çenli ösýär, sütüniniň diametri bolsa 1 metre ýetýär. Ol üç tikenli sosnadyr (bir topbagyndan 5–20 sm uzynlykda 3 tiken çykýar). Gozalarynyň ululygy 5–9 sm, tohumlarynyň uzynlygy bolsa 1,5–2,5 sm-dir.

Onuň ösüp ýetişýän arealy demirgazyk-gündogar Hindistanda Gündogar Gimalaýlardan başlap, (häzirki wagtda tokaýlaryň ýok edilýändigi sebäpli diňe Meghalaýa we Manipur ştatlarynyň Hasi we Naga daglyk massiwlerde), Hytaýda (Ýunnan), Birmada (Mýanma), demirgazyk Tailandda, Laosda, Wetnada (Lai Chau, Lang Son, Cao Bang, Quang Ninh) Filippinlere (Luson) çenlidir. Käwagt Filippinleriň sosnasy Pinus insularis diýlip atlandyrylýar. Hytaýda muňa meňzeş görnüş bolan ýunnan sosnasy (Pinus yunnanensis) ösýär.

Ol ýapgytlarda, garyşyk tokaýlarda, hasylsyz turşy (pH 4,5) gyzyl ýa-da sary altynsow topraklarda, deňiz derejesinden köplenç 1200–1400 m ýokarda ösýär. Klimaty subtropiki, musson – gurak we çygly döwür gezekleşýär. Ýagyn örän köp ýagýar, howanyň çyglylygy 70 %-den pese düşmeýär.

Ol güýçli bolmadyk sowuga çydamlydyr, ýöne ekilende giçki aýazlara çydamaýar. Şol sebäpli ony ösdürmek üçin goragly ýer, mysal üçin demirgazyk tarapy jaý bilen goralan günorta ýapgyt gerek bolýar. Demirgazyk etraplarda aýaz wagtynda ony gowusy jaýyň içinde ýa-da teplisada, takmynan 0 °C-de goýmaly. Günorta Ýewropada ony daşaryda bütin ýylyň dowamynda ösdürip bolýar.

Iňlisçe ady: khasi pine

Sinonimleri: Pinus khasya, Pinus khasyanus

««« Öňki makala: Hindi bugy Pongamia pinnata Indiki makala: Sowuga çydamly palma (oklukirpi palmasy) Rhapidophyllum hystrix »»»

Şenbe 12.12.2009 22:05 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.