Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Hindi lotosy (Nelumbo nucifera)

fotosurat

Lotos güli

Hindi lotosy (Nelumbo nucifera) – bu örän täsin, mistiki, çal-ýaşyl reňkli öl bolmaýan ýapraklary we gülgüne gülleri bolan suwda ösýän ösümlikdir. Buddistler ony dini däp-dessurlaryny berjaý edenlerinde ulanýarlar. Ösümlik iýmit hökmünde ulanylýar (esasan-da tohumy we ýer hozy ulanylýar). Ol ähli Günorta-Gündogar Aziýada dürli tagamlary bişirmekde ulanylýar. Bu ösümlik batga ösümligi bolup, ony kuwşinka ýaly ösdürip bolýar. Bizde lotos ýetişdirmek kyn däl, diňe ony nähili ýetişdirmelidigini bilmek gerek.

Tohumlary ekmezden öň olary naždak bilen biraz timarlamaly. Sebäbi olaryň ýüzi ýörite maddalary özüne siňdirendir we hiç hili suw geçirmeýär. Şonuň üçin tohumlar hiç hili gögermän biler, sebäbi olaryň içine suw girmeýär. Naždak bilen timarlanmadyk tohumlar gögerijiligini müň ýyllap saklap bilýärler. Eger tohumlar naždak bilen timarlaman diňe suwda ezilse, olaryň gögermegi üçin iki ýyl gerek bolýar.

fotosurat

Lotosyň gögerýän tohumlary

Naždak bilen ýeterlik timarlanylyp-timarlanylmandygyny nähili kesgitlemeli? Eger tohumlar naždak bilen ýeterlik timarlanan bolsa olar 24 sagadyň dowamynda iki esse ulalyp çişýär. Eger tohumlar şunuň ýaly ulalmasa olary ýene biraz naždak bilen timarlamaly. Soňra ýene 24 sagat garaşyp, eger tohumlar iki esse ulalmasa, olar ulalýança naždak bilen timarlamaly.

Olara diňe suw gerek…

Tohumlar naždak bilen timarlanandan soňra olary suwly gaba goýuň. Hatda 20 °C temperaturada-da tohumlar iki esse ulalýar. Ýöne ilki başda iň laýyk temperatura 27–28 °C. Bu temperaturada tohumlar örän çalt gögerýär, bir hepdäniň içinde ýaprak çykarýar. http://www.victoria-adventure.org/…om_seed.html sahypasyndaky foto dokumente serediň.

Ösümligiň ilkinji ýapragy çykandan soňra ony batga ýa-da topraga (akwariumlarda ulanylýan topraga) oturtmaly. Ony suwunyň derejesi azyndan 30 sm bolan rezerwuara (akwarium, köljagaz) tutuşlygyna ýerleşdirmeli. Eger lotosy oturtmak üçin akwarium topragy ulanyljak bolsa, ony balykly akwariumda ösdürmek bolýar.

Kem-kemden (ösmegi bilen) ösümlik üçin has uly ýer gerek bolýar. Ony gyşky bagyň köljagazynda, teplisada we ş.m. ösümligiň sowuk almajagy ýerde ösdürmek bolýar. Lotosy ösdürmek üçin iň gowy temperatura 20–35°C. Bizde ondan pes temperatura bilen oňmaly bolýar, ýöne bu lotosa hiç päsgel bermeýär. Tomsuna lotosy daşardaky köljagaza çykaryp bilersiňiz, emma gyşyna ony içeride goýmaly – zerur bolan halatynda lotosy kuwşinka ýaly çygly podwalda goýmak bolýar.

Lotos ýetişdirmegiň ideal usuly gurluşyk laýy üçin wannalarda ösdürmekdir (bu wannalar 60 we 80 litrlik bolup, bahasy 10 ýewro golaýdyr). Ösümligi düýbi bilen (palçygy ýa-da akwarium topragy bilen) wanna goýmaly. Eger wannany doly suw bilen doldursaňyz, lotos üçin iň amatly şerti döredersiňiz. Wanna ulanmagyň aýratynlygy ony gyşky bagda ýa-da öýde, öýüň iň güneşli we ýyly ýerinde bolar ýaly penjiräniň ýanynda goýup bolýanlygydyr (balkonda goýsaň has gowy bolýar). Tomsuna wannany günorta tarapda ýerleşýän balkona ýa-da baga goýup bilersiňiz. Görşüňiz ýaly siz lotosy hatda panel jaýda ýaşaýan bolsaňyz-da ösdürip bilersiňiz!

««« Öňki makala: Çerimoýa (Annona cherimola) Indiki makala: Hindi bugy Pongamia pinnata »»»

Penşenbe 10.12.2009 14:01 | Print | Suw we batga ösümlikleri, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.