Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Çerimoýa (Annona cherimola)

Soňky wagtlarda Ýewropa örän täsin tropiki miweleri getirýärler. Men Çerimoýany hut özüm satyn alyp we iýip gördüm. Çerimoýa dükanlarda örän seýrek duş gelýän hem bolsa, geljekde özüniň datly tagamy bilen dükanlarda hemişelik ýerini alar.

Çerimoýa, And jülgelerinde, Kolumbiýadan Peruwa çenli, deňiz derejesinden 1500 m ýokarda ösýän (Annona cherimola) agajynyň miwesiniň has köp ulanylýan täjirçilik adydyr. Ol has pes ýerlerdäki temperatura-da çydaýar. Şonuň üçin ol beýleki ýyly sebitlerde, Ysraýylda, we günorta Ispaniýada-da duş gelýär. Çerimoýanyň 120-ä golaý görnüşi bar.

Çerimoýanyň ýylmanak bolmadyk ýaşyl-goňur gabygy bar. Daş ýüzi digir-digir bolup, gysanyňdan soňra barmaklaryň yzy galýan ýaly bolýar. Käbirleri ony gont bilen basyrylan üçege meňzedýär. Bişmedik gaty miwelerini, ýumşamagy üçin öý temperaturasynda goýup bilersiňiz. Içinde krem reňkli eti bolup, tagamy banan bilen ananasy ýatladýar we noýbanyň ululygynda 10–20 sany örän ajy tohumy bar. Eti köplenç çig görnüşinde iýilýär.

Çerimoýanyň tohumyny öýüň içinde ýa-da ýyly parnikde ekmek bolýar. Gögeriş wagty dürli-dürli bolup, köplenç 3 hepdede çykýar. Tohumlaryň gögerijiligi üçin ýylylyk ortaça 27 C° bolmalydyr. Tohumlaryndan ösüp çykan kiçi agaçlar gülgüne reňkli bolýar. Soňra olaryň reňki goýalyp, ýaşyl reňke öwrülýär. Ýapraklary 10–15 sm uzynlygynda, ýumurtga görnüşinde, tüýjümek we arka tarapy damar-damar bolýar. Gyşyna ýapraklarynyň bir bölegi dökülýär. Olara zyýan ýetende aýratyn bir ysy bolýar. Ýapraklarynyň dökülen ýerinde täze şahalar çykarýar. Annon maşgalasynyň ähli görnüşlerine kän ýagtylyk we gyşyna dogry ideg gerek. Bu mesele höwesjeň bagbanlaryň arasynda jedelli meseledir. Men annony bütin gyş 10–15C° temperaturaly jaýda saklaýaryn. Gyşyna öý temperaturasynda aýry-aýry ösümlikleri ekip annonyň öň gülleýändigini kesgitlemek bolýar.

Adatça annona 3–5 ýyldan gülleýär. Gülleýänçä ol sülleren görnüşde bolýar we ýapraklarynyň köpüsi düşýär. Onuň gülleri sarymtyk we ýapraklarynyň gaçan ýerinden çykýar ýa-da ýaş yapraklary bilen birlikde çykýar. Tozanlanýança 2 ösümlik gerek bolýar. Ony el bilen tozanlandyryp hem bolýar. Miweleriniň bişmegi üçin 5–7 aý gerek.

Depesiniň hemişe süllerip durmagyny alada etmäň. Yzygiderli bolmadyk guraklyk ösümlige zyýan bermez, ýöne siz ony gyşda-da suwarmalysyňyz. Eger siziňki şowuna bolsa, siz annonanyň beýleki täsin görnüşlerini-de alyp bilersiňiz:

Annona sqamosa – teňňeli annonanyň sosna gozalaryny ýatladýan “teňňeli” miweleri bolýar. Olar şeker almasy diýlip hem atlandyrylýar. Olar ýaşyl ýa-da sary-ýaşyl reňkde bolýar.

Annona reticulata – gana meňzeş reňki bilen torly annona, “eşek” ýa-da “öküz yüregi” diýlip hem atlandyrylýar. Onuň eti gaty we süýji bolýar.

Annona muricata – ýumşak tikenli annona. Ol guanabana diýlip hem atlandyrylýar, örän uly (1,5– 5 kg) we “örän tropiki” miweleri bar. Miweleri agajyň düýbünden çykýar we ýarym santimentre ýetýän düwür-düwür tikenli bolýar. Reňki ýaşyl bolup, ýapragyndan korossol çaýy taýýarlanýar.

««« Öňki makala: Adaty weşenka (Pleurotus ostreatus) ýetişdireliň Indiki makala: Hindi lotosy (Nelumbo nucifera) »»»

Çarşenbe 9.12.2009 22:00 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.