Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Çörek agajy Artocarpus odoratissimus

Urugy taýdan çörek agajy (Artocarpus) günorta-günbatar we ýuwaş okean adalaryndan gelip çykan tutlar (Moraceae) maşgalasyndan bolan hemişe gök öwüsýän tropiki agaçlaryň takmynan 60-a golaý görnüşine degişlidir. Ol injir agajyna (Ficus) ýakyndyr. Has belli we köp ýetişdirilýän görnüşi hakyky çörek agajydyr (Artocarpus altilis). Bu görnüşe aşakdakylar ýaly miweli gyrymsy agaçlaryň görnüşleri hem degişlidir: adaty artokarpus, (Artocarpus communis), (ýabany) çempedak (Artocarpus integer), Jekfrut (dürli ýaprakly çörek agajy) (Artocarpus heterophyllus) we Marang ýa-da tarap (Artocarpus odoratissimus).

Bu makalada biz Borneo (Indoneziýa) adalaryndan gelip çykan, ýöne ýerli zerurlyklar üçin goňşy ýurtlarda-da (Malaýziýa, Tailand, Filippinler) ýetişdirilýän, köp belli bolmadyk – Artocarpus odoratissimus görnüşini tanatmakçy. Bu ösümlik öz ýurdunda Atau, Keiran, Loloi, Madang, Marang, Pi-ien, Pingan, Tarap, Terap, khanun sampalor ýaly atlar bilen tanalýar. Bu ösümlik öz ýetişýän sebtinden daşarda tanalmaýar. Tebigatda ol çägesöw topraklarda deňiz derejesinden 1000 metre çenli belentde ösýär.

Bu ösümligiň boýy 25 metre çenli bolup, ýapraklarynyň uzynlygy 16–50 sm we eni 11–28 sm. Ösümlik bir öýjükli bolansoň, miwe getirmegi üçin bir ösümlik ýeterlikdir. Miwesi ýumurtga formasynda, daşy ýaşyl, uzynlygy 16 sm we ini 13 sm bolýar. Agramy 1 kg-a golaý. Miwe çig ýa-da bişirilen görnüşde iýilýär. Tohumy iýmit görnüşinde ulanmazdan öň hemişe ýylylykda goýulýar. Çörek agaçlary Günorta-Gündogar Aziýanyň ilaty üçin möhüm iýmit bolup durýar. Miwesiniň eti gar ýaly ak, örän süýji, suwly, ýakymly ysly we tagamly bolup, duriany ýatladýar (Durio, dünýäde iň ýakymsyz ysly miwe), ýöne ondan tapawutlylykda ýakymsyz ys ýaýratmaýar.

Çörek agajy Artocarpus odoratissimus tohumlaryndan köpelýär. Onuň täze tohumlarynyň gögerijiligi örän ýokary bolup, bir hepdäniň dowamynda gögerip çykýar. Biziň Borneoda geçiren synagymyzyň netijesinde, tohumyň ammara goýlandan 3 hepdeden soňra gögerijiligini doly ýitirýändigi belli boldy. Şonuň üçin tohumy haýal etmän ekmeli. Ol çägesöw, suwy gowy geçirýän toprakda ekilse has gowy bolýar. Wegetatiw köpeliş (çybykdan köpeliş, sapmak bilen köpeliş) köplenç şowsuz bolýar. Çörek agajy seýrek keselleýär we zyýan beriji mör-möjekler oňa kän zyýan berip bilmeýär.

Bu ösümlik tropiki ýerlerden gelip çykandygy üçin sowuga çydamsyzdyr. Iň pes ýylylyk 7 °C-den az bolmaly däldir. Bu, ösümligiň biziň şertlerimizde öýüň içinde ýa-da parniklerde ýetişdirip boljakdygyny aňladýar.


Indiki makala: Yrym edip dört ýaprakly marsiliýa (Marsilea quadrifolia) ösdürýärsiňizmi? »»»

Duşenbe 30.11.2009 20:04 | Print | Ekzotik ösümlikler

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.