Botanix – ösümlikler we bagbançylyk hakda žurnal

Türkmençe wersiýa

Gelşikli ik şekilli alma ýetişdirmek

Bazar ykdysadyýeti özi bilen birlikde köp özgerişlikleri-de getirdi. Olardan biri-de, önümçiligiň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen oba hojalyk önümçiliginiň pugtalandyrylmagydyr. Bagbançylykda ekin meýdanlaryny has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu güýçlendirme uzyn boýly we gyrymsy agaçlardan has pessejik görnüşlere geçmekligi aňladýar. Has pes boýly agaçlary ösdürmegiň köp peýdalary bar, ol işlemegi ýeňilleşdirýär we miwäniň hilini täze derejä çykarýar. Pessejik alma agaçlaryna “gelşikli ik”, “aşa gelşikli ik”, “gün oky” (solar axe) we beýlekiler degişlidir. Olardan has perspektiwalysy we köp ulanylýany “gelşikli ik” şekilli agaçdyr.

Şenbe 19.12.2009 06:52 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

Orulan oty näme etmeli?

Orulan oty näme etmeli? Eger siz owadan pessejik gazony halaýan bolsaňyz, onda ony ýygy-ýygydan orýansyňyz. Emma ýygy-ýygydan orulanda, orulan ot köp üýşýär, bu bolsa size (eger siz ony üýşürmeýän bolsaňyz) diňe päsgel berýär. Şonuň üçin meniň köp sanly bagban tanyşlarym ony zyňýarlar. Men diňe kellämi ýaýkap geň galýaryn, olar näme üçin iň arzan döküni isrip edýärler.

Anna 18.12.2009 09:51 | Print | Gazon

Pepino ýetişdireliň

Pepinonyň (botaniki ady Solanum muricatum) dogduk mekany Peru ýa-da Kolumbiýa bolmagy ahmal. Bu ýerlerden ol bütin Latyn Amerika we hatda onuň çäklerinden daşarda-da ýaýrapdyr. Häzirki wagtda ony iň köp Boliwiýada, Ekwadorda we Täze Zelandiýada ösdürýärler.

Pepino Ýewropa takmynan 1785-nji ýylda getirildi. Onuň köpeldilmegi bilen meşgullanan ilkinji ýewropalylaryň arasynda Lýudwik XVI, şeýle hem Kýudaky (Kew) (Londonda) britaniýa korollygynyň bagbançylyk jemgyýeti hem bar.

Anna 18.12.2009 08:50 | Print | Ekzotik ösümlikler

Mangony tohumlaryndan ösdürip ýetişdirmek

Tohumlaryň gögerijiliginiň ýokary bolmagy üçin ýaňy ýygylan tohumlary ekmek gerek. Tohumlary takmynan 20–25 °C temperaturaly ýerde, suwda 2–6 sagat ezip goýmaly.

Penşenbe 17.12.2009 22:17 | Print | Ekzotik ösümlikler, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar

Kalimantan mangosy, Kasturi (Mangifera casturi)

Kalimantan mangosy (Mangifera casturi) ýa-da Kasturi, ony ýerliler şeýle atlandyrýarlar. Bu takmynan 10–30 m uzynlygyndaky tropiki agaç bolup, Günorta Borneoda (Indoneziýa) ýerleşýän Banjarmasiniň töweregindäki örän kiçijek sebitde ösýär. Häzirki wagtda bikanun ýygylýandygy üçin tebigatda bu ösümligiň tohumy gutardy. Şeýle-de bolsa ol henizem süýji miweleri üçin ösdürilip ýetişdirilýär.

Çarşenbe 16.12.2009 07:14 | Print | Ekzotik ösümlikler

Continue: 1-5 6-10 11-15 16-20 21-25 26-27

KPR kluby hakda

Logo of KPR - Gardeners Club Slovakia
KPR – Ösümlikçiler kluby bagbanlaryň halkara guramasy bolup durýar. Has köp okaň...
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.