Tohumdan ösümlik ösdürip ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Birýyllyklar
Köpýyllyklar
Gök önümler
Ýaş sogan
Ukrop, fenhel, tmin, anis
Gyzyl burç, pomidor we badamjan – tohum ekişi
Kösükliler – noýba, nohut, soýa, ýer hozy (arahis, hytaý hozy)
Agaçlar we gyrymsylar
Ýekşenbe 20.12.2009 15:02 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Enaýy welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) – gadymy ösümlik ýetişdiriň
Enaýy welwiçiýa ýa-da üýtgeşik
welwiçiýa (Welwitschia mirabilis) örän gadymy ösümlik bolup, ol häzirki
wagtda diňe Atlantik okeanyň kenarýakasyndaky çölde, Namibiýada we
Angolanyň günortasynda çaklaňja territoriýada ösýär. Bu agaç
göräýmäne onçakly öwerlikli görünmeýär. Tutuş ösümlik tegelek kök
baldakdan we 2 sany 2–4 metrlik işilen lentany ýadyňa salyp duran hemişe
ösýän 2 sany ýaprakdan ybaratdyr. Şol sebäpli hem welwiçiýa üýşüp
ýatan zir-zibile çalym edýär. Ýöriteläp aýdylanda, gürrüň pyntyk
ýarýan, hemişe ösmekligini dowam etdirýän, guraýan we uçlary tüýdülip
duran ýapraklar barada barýar.
Ýekşenbe 20.12.2009 03:07 | Print | Ekzotik ösümlikler
Nicotiana glauca temmäkisi – perspektiwaly balkon ösümligi
Gök temmäki ýa-da gök nikotiana
Adamzadyň täze bir zada bolan islegi adatdan daşary sabyr-takatsyzdyr. Islendik höwesjeň bagban öz bagynda nähilidir bir täze, henize bu güne çenli görlüp eşidilmedik hem-de hiç kimde ýok bir zat ösdürip ýetişdiresi gelýändir… Şonuň üçin hem gül bazary hemişe täzeligiň arzuwyndaky höwesjeň bagbanlaryň teşneligini gandyrmak üçin her ýyl köp sanly täzelikleri hödürleýär. Ýöne söwda üçin köpeldilýän täze ösümlikler tizden diňe adaty assortimente öwrülýär oturyberýär.
Ýekşenbe 20.12.2009 01:00 | Print | Ekzotik ösümlikler, Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
Däne möjejiklerine garşy göreşeliň
Däne möjejiklerini megerem hiç kime tanyşdyryp oturasy iş ýokdur. Bu ownujak möjejikler (3–4 mm) aşhana kösükliler maşgalasyna degişli tas ähli zatlaryň arasynda bolýarlar.
Zyýan berijiler kösüklileriň ähli görnüşleriniň tohumynda ösüp ýetişýärler. Aslynda kösüklileriň her bir görnüşiniň özüne mahsus däne möjejigi bolýar: noýbada – noýba möjejigi, nohutda – nohut, merjimekde – merjimek, mäşde – mäş,…
Şenbe 19.12.2009 22:54 | Print | Zyýan berijiler
Soganlyk we ösümlik ekişi
Satyn alyp poçta rkaly getirden ösümligiňizi (nahalyňyzy) gabyndan çykaryň we 2–3 günläp kölegelik ýerde goýuň. Ikinji bir mümkinçilik hökmünde olary bada-bat oturdyp, soňra bolsa iki günläp üstüni ýapyp goýuň (meselem kanselýariýa kagyzy, tagta). Şeýtseňiz olary gönümel gün şöhlesinden gorarsyňyz. Ýogsam siz olary güýçli gün şöhlesiniň täsirine sezewar edersiňiz.
Anna 18.12.2009 23:55 | Print | Ösümlik ýetişdirmek boýunça instruksiýalar
KPR kluby hakda
Ösümlikleri ekip ýetişdirmekdäki tejribäňizi paýlaşyň. Bu barada makala ýazyň we ony öz diliňizde Botanix žurnalynda çap etdiriň! Has jikme-jik maglumat üçin biziň bilen habarlaşyň.